Täze ýyl baýramçylygynyň öňýany ildeşlerimiziň ençemesi
üçin goşa şatlyga – goşa baýrama öwrülýär. Çünki iň owadan, nurana – Täze ýyl
baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde olara täze öýleriň eýeleri bolmak bagty
nesip edýär.
Şu gün Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda täze gurlan
jaýlaryň açylyş dabarasynda we paýtagtymyzyň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynyň
ýaşaýyş jaýlaryndan mätäçlik çekýän raýatlarymyza, şeýle hem Mary şäherinde
täze ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş dabarasynda ildeşlerimize täze öýleriň
açarlary gowşuryldy. Köp gatly täze ýaşaýyş jaýlaryndan öýlere eýe bolmak
olaryň bagtyýar maşgalalary üçin Täze ýyl baýramyna ajaýyp sowgat boldy.

Dabaranyň dowamynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň
başyny başlan işleriniň häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyz
tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi arkaly Aşgabat şäheriniň barha özgerip,
dünýäniň owadan şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýandygyny nygtadylar.
Şäher ilatynyň göwnejaý ýaşaýşy we döredijilikli zähmeti üçin ähli
amatlyklaryň, oňaýly daşky gurşawyň döredilmegi, ilatyň wagtyny peýdaly
geçirmegi ugrunda zerur amatlyklaryň üpjün edilmegi paýtagtymyzyň ösüşiniň
möhüm ugry bolup durýar. Soňky ýyllarda Aşgabatda ähli durmuş üpjünçilik
düzümlerini özünde jemleýän täze ýaşaýyş jaý toplumlary, seýilgäh zolaklary
emele geldi.
Täze ýaşaýyş jaýyň öýleriniň açarlarynyň dabaraly
ýagdaýda gowşurylýan pursatlary has-da täsirli boldy. Açarlary ýüzlerine sylyp
kabul edýän bagtyýar öý eýeleri bu pursatlaryň ömürlik ýatlarynda galjakdygyny
nygtap, şeýle bagtyýarlygy bagş eden ynsanlara – Gahryman Arkadagymyza we
Arkadagly Gahryman Serdarymyza dowamly alkyş sözlerini aýtdylar.