28.05.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Ýüregim Watan / Nowruz Orazmyradow
Ýüregim Watan / Nowruz Orazmyradow
15.01.2020 45195 Bäsleşik

Allanyň nazary siňen topragym,

Göbek ganym daman eziz topragym.

Gynanýan gurasa birje ýapragyň,

Jigerde janym hem ýüregim Watan.

Borjumyz goramak eziz Watany,

Goraryn, saklaryn çykýança janym.

Akyp gutarsa-da damarda ganym,

Haklaryn duzuňy hemişe Watan.

Ýaşandyr goýnuňda Seýdi deý mertler,

Söweşde jan beren gerçek ýigitler.

Howaňdan dem alsam aýrylýar dertler,

Her derde dermandyr, melhemdir Watan.

Sen meniň daýanjym arkamda dagym,

Saýasyny salýan miweli bagym.

Nurly gün deý şöhle saç sen ylaýym,

Kalbymyň buýsanjy, ykbalym Watan.

Arkadagyň yhlasyndan bat alan,

Ösüşiň şöhratyň dünýä ýaň salan.

Watany wasp etsem ýiteler galam,

Geçmişim, geljegim, şu günüm, Watan.

Abraýym, mertebäm, buýsanjym, Watan.

Nowruz Orazmyradow,

TGM-niň Harby institutynyň harby talyby.