milli goshun logo
Jebisligiň hem bitewüligiň nyşany
Jebisligiň hem bitewüligiň nyşany
09.05.2025 206 Habarlar | Harby özgertmeler

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş umumy gymmatlyk bolup durýar. Şonuň üçin hem 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň şanly senelerini doganlyk halklary bilen bilelikde bellemek asylly däbe öwrüldi.

Ýadyňyzda bolsa, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Aýratyn hormat garawuly batalýonynyň harby gullukçylary hem-de esgerleri 2010-njy ýylda Beýik Ýeňşiň 65 ýyllygy, 2020-nji ýylda 75 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýörişlere gatnaşypdylar. Ine, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Gyzyl meýdanda geçirilen dabaraly harby ýörişe Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Aýratyn hormat garawuly batalýonynyň harby gullukçylarynyň hem-de esgerleriniň gatnaşmagy türkmen halkymyzyň watansöýüjiliginiň, edermenliginiň Ýer ýüzünde belentden dabaralanmasyna öwrüldi.

Dabaraly harby ýörişden täsirli pursatlary  «Multimedia» bölümimizde görüp bilersiňiz!