2026-njy ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Hazar
deňzindäki Kenar gulluklary tarapyndan Eýranyň Rona gury ýük daşaýjy
gämisinden halas edişe çagyryş - SOS habary alyndy.
Ýurdumyzyň adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak bilen
baglanyşykly döwlet edaralary deňizde ýüzmegiň halkara kadalaryna laýyklykda
gämidäki adamlary halas etmek boýunça ähli zerur çäreleri amala aşyrdylar.
Öz wagtynda görlen çäreleriň netijesinde, gämidäki ähli
14 adam halas edildi. Deslapky maglumatlara görä, olar Eýranyň we Hindistanyň
raýatlary bolup durýar.
Häzirki wagtda ýurdumyz tarapyndan göz öňünde tutulan
halkara kadalaryna laýyklykda degişli işler alnyp barylýar.