Şu günler 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk
urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde
we paýtagtymyzda dabaraly çäreler, maslahatlar, sergiler geçirilýär. Munuň özi
ýowuz urşa gatnaşanlara hem-de olaryň yzynda galyp, mukaddes ýar ojagyny saklan
mähribanlara goýulýan belent hormat-sarpany alamatlandyrýar.
Watan üçin janyny gurban eden milli gahrymanlary
sarpalamak türkmen jemgyýetiniň mizemez däpleriniň biridir. Şoňa görä-de, 9-njy
maý ýakynlaşdygyça, ýurdumyzda dürli medeni çäreleriň geçirilmegi giň gerime
eýe bolýar. Bu sene mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň
Döwlet muzeýinde «Hakyda ýazylan ýatlamalar» atly sergi guraldy. Serginiň
girişi hormatly Prezidentimiziň portreti, Diýarymyzyň özygtyýarlylygyny
alamatlandyrýan Döwlet nyşanlarynyň fotosuratlary, Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň Beýik Ýeňiş barada aýdan pähimli sözleri bilen açylyp, ol
Garaşsyzlyk döwrümizi, Watanymyzyň parahatçylygyny wasp edýän zergärçilik
eserleri bilen dowam edýär. Türkmen halky Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna mynasyp
goşandyny goşdy. Urşuň ýowuz ýyllarynda edermen türkmen ýigitleriniň müňlerçesi
doganlyk halklaryň wekilleri bilen bilelikde söweşip, gahrymançylyk
görkezdiler. Şolaryň hatarynda Gahryman Arkadagymyzyň atasy, hormatly
Prezidentimiziň garry atasy Berdimuhamet Annaýew hem bolup, onuň durmuş ýoly bu
gün türkmen ýaşlary üçin hakyky watançylygyň, edermenligiň, borja wepalylygyň
nusgasy bolup durýar. Sergide Berdimuhamet Annaýewiň hala çitilen suraty, Milli
Liderimiziň halkymyz tarapyndan söýlüp okalýan eserleri ýerleşdirildi. Şeýle
hem bu ýerde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna degişli
gymmatlyklar, esger hatlarynyň nusgalary, şol döwre degişli dürli serişdeler we
esger esbaplary görkezilýär.
Ýeňiş güni mynasybetli Türkmen döwlet ykdysadyýet
we dolandyryş institutynda «Beýik Ýeňiş — baky şöhrata beslenen
gahrymançylygyň, watansöýüjiligiň öçmez nusgasy» atly ylmy-amaly maslahat
geçirildi. Maslahatyň işi umumy mejlisden hem-de bölümçelerden ybarat boldy.
Maslahata gatnaşanlar 9-njy maýyň ata-babalarymyza
buýsanýan, olaryň wesýetlerine eýerýän ýaş nesli watançylyk ruhunda
terbiýelemekde aýratyn ähmiýete eýedigini nygtadylar. Çykyşlarda bellenilişi
ýaly, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy adamzadyň taryhynda iň
gazaply söweş hökmünde taryha girdi. Türkmen ýigitleriniň hem müňlerçesi Watan
goragyna gidip, şol ýowuz söweşlerde öz şirin janyny pida etdiler. Watan üçin
söweşip, juwan ýaşlygy şol ýowuz ýyllara gabat gelen ýaşuly nesillerimize
häzirki döwürde uly hormat-sarpa goýulýar. Maslahatda çykyş edenler munuň üçin
Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk
bildirdiler.