Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk
zolagynda geçirilýän ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin
ýurdumyza sapar bilen gelen Belarus Respublikasynyň Prezidenti
Aleksandr Lukaşenko bilen duşuşdy.
Döwlet
Baştutanymyz dostlukly ýurduň Prezidentini mähirli mübärekläp, Garaşsyz
Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine
gatnaşmak üçin ýurdumyza gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk
bildirdi hem-de Belarus Respublikasynyň bu möhüm halkara çärelere
gatnaşmagynyň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Şeýle
hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda Prezident Aleksandr Lukaşenkonyň
sebitde özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge berýän şahsy ünsüne ýokary
baha berilýändigini, Awazada geçirilýän çäräniň bolsa netijeli
pikir alyşmak we hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek üçin
mümkinçilik bolup durýandygyny aýdyp, Belarus Respublikasynyň
döwlet Baştutanynyň ýurdumyza amala aşyrýan şu gezekki sаparynyň
hem ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga
itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Belent
mertebeli myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip,
GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň Türkmenistanda
geçirilmeginiň möhüm ähmiýetini belledi. Şeýle hem Prezident Aleksandr
Lukaşenko Arkalaşygyň giňişliginde özara gatnaşyklary ösdürmekde
Gahryman Arkadagymyzyň uly goşandynyň bardygyny aýtdy we pursatdan peýdalanyp,
Milli Liderimize mähirli salamyny beýan etdi.
Hormatly
Prezidentimiz Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky
ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, ynanyşmak
we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýandygyny kanagatlanma
bilen belläp, ýurdumyzyň bu gatnaşyklary diňe bir ikitaraplaýyn
derejede däl, eýsem, köptaraplaýyn görnüşde hem mundan beýläk-de giňeltmäge
we pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändigini aýtdy. Bellenilişi
ýaly, ýurtlarymyz BMG we GDA ýaly halkara guramalaryň çäklerinde hem
işjeň hyzmatdaşlyk edýärler, bu bolsa döwletara gatnaşyklary ösdürmäge
ýardam berýär.
Söhbetdeşler
ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklar barada aýdyp, Türkmenistan
bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ulag, himiýa,
nebitgaz, dokma senagaty ýaly we beýleki ulgamlary öz içine alýandygyny
bellediler.
Döwlet
Baştutanymyz türkmen tarapynyň bilelikdäki taslamalaryň çäklerinde
özara bähbitli netijeleri gazanmagy maksat edinýändigini aýdyp,
iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmegiň
ähmiýetini nygtady. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda
türkmen ýaşlarynyň Belarus Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde
bilim alýandygyny, ylym, medeniýet we sungat ulgamynda hyzmatdaşlygy
dowam etmegiň zerurdygyny belledi hem-de ýurdumyzyň iki halkyň birek-biregiň
taryhy we medeni mirasy bilen has çuňňur tanyşmagyna ýardam berýän
özara Medeniýet günlerini, sergileri, konsertleri, ylmy maslahatlary
we beýleki çäreleri guramaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko netijeli döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk, rowaçlyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň halklaryna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etdiler.