Şu
gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ilkinji gezek Eýran Yslam
Respublikasynyň gatnaşmagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň
döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen mejlise
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistan Respublikasynyň
Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarus Respublikasynyň
Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň
Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr
Žaparow, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistan
Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň
Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň
Baş sekretary Sergeý Lebedew gatnaşdylar. Şeýle hem mejlise
hormatly myhman hökmünde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud
Pezeşkian gatnaşdy.
Mälim
bolşy ýaly, şu ýyl GDA-da Türkmenistan başlyklyk edýär. Ýurdumyz bu
möhüm wezipäni örän jogapkärçilikli ýerine ýetirýär. Şu maksat bilen
döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny öz içine alýan degişli
konsepsiýa işlenip taýýarlanyldy. Häzirki döwürde Garaşsyz Döwletleriň
Arkalaşygynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk Ýewraziýa giňişliginde
ykdysady durnuklylygy, durnukly ösüşi üpjün etmegiň we hoşniýetli
goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhüm şertleriniň
biri bolup çykyş edýär. GDA formaty agza döwletlere netijeli dialogy
gurmak, kooperasiýa zynjyrlaryny ösdürmek hem-de häzirki döwrüň
möhüm meseleleriniň çözgütlerini bilelikde işläp taýýarlamak
üçin köptaraplaýyn meýdançany üpjün edýär.
Ýurdumyzyň
hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejesi onuň Arkalaşykdaky
netijeli ornuny kesgitleýär. Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen
agzasy bolmak bilen, möhüm ykdysady we ynsanperwer başlangyçlary
yzygiderli öňe sürýär. Türkmenistanyň garaýyşlary deňhukuklylyk,
özara bähbitlilik we her bir gatnaşyjynyň bähbidine hormat goýmak
ýörelgelerine esaslanýar.
Däp
bolşy ýaly, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisleri
strategik çözgütleri işläp taýýarlamak, Arkalaşygyň uzak möhletli
gün tertibini kesgitlemek üçin platforma bolup hyzmat edýär. Bu ýokary
derejedäki sammitlerde bitewi ykdysady giňişligi kemala getirmek,
önümçilik kooperasiýasyny çuňlaşdyrmak, ekologiýa we energetika
howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem medeni-ynsanperwer gatnaşyklary
giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.
Şunuň
bilen baglylykda, Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmegi aýratyn
ähmiýete eýe bolup durýar. Ýurdumyz öz üstüne başlyklyk wezipesini
almak bilen, Arkalaşykda özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge
gönükdirilen konsepsiýany işläp taýýarlady.
Ykdysady
diplomatiýany ilerletmek, sebitleriň ulag-logistika mümkinçiliklerini
ösdürmek hem-de ekologiýa başlangyçlaryny giňeltmek Türkmenistanyň
başlyklyk edýän döwründe ileri tutýan ugurlarydyr. Şunuň bilen baglylykda,
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2029-njy ýylyň «Garaşsyz Döwletleriň
Arkalaşygynyň ulag arabaglanyşygynyň ýyly» diýlip yglan edilendigini
bellemek gerek.
Ykdysady
ulgamda ýurdumyz GDA-ny ykdysady taýdan ösdürmegiň 2030-njy ýyla
çenli Strategiýasyny durmuşa geçirmek, şol sanda erkin söwdany işjeňleşdirmek,
gümrük amallaryny ýeňilleşdirmek we durnukly sebitara üpjünçilik
zynjyrlaryny döretmek meselelerine aýratyn üns berýär. Şeýle hem
Türkmenistan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýär.
Ýurdumyz ähli agza döwletleriň infrastruktura mümkinçiliklerini
çekmek arkaly Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary
boýunça utgaşdyrylan ulag geçelgelerini döretmek konsepsiýasyny
öňe sürýär.
Ýurdumyzyň
başlyklyk edýän döwründe medeni-ynsanperwer we ekologiýa ugurlaryna
hem itergi berilýär. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça medeniýet,
ylym, bilim we ýaşlar alyşmalary ulgamlarynda toplumlaýyn çäreler
amala aşyrylýar. Bilelikdäki ekologiýa gün tertibine, şol sanda
suw serişdelerini gorap saklamak we howanyň üýtgemeginiň garşysyna
göreşmek meselelerine aýratyn üns berilýär.
Şeýlelikde,
Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegi
ýurdumyzyň döredijilikli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny
görkezýär. Ýurdumyzyň başlangyçly syýasaty GDA-daky hyzmatdaşlygyň
ähli ugurlaryna hil taýdan täze itergi berip, onuň Bitaraplyk hukuk
derejesiniň Arkalaşygyň giňişliginde parahatçylygy, durnuklylygy
we durnukly ykdysady ösüşi ilerletmek üçin netijeli gural bolup
durýandygyny tassyklaýar.
...Sammitiň
geçirilýän ýerinde — «Awaza» toplumynda mejlise gatnaşyjy wekiliýet
Baştutanlaryny hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mähirli
garşylady.
Döwlet
Baştutanlarynyň bilelikde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra,
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň
mejlisi öz işine başlady.
Hormatly
Prezidentimiz sammite gatnaşyjylara ýüzlenip, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň
Geňeşiniň mejlisiniň Arkalaşygyň alyp barýan işinde ýylyň möhüm
wakasydygyny, şu gün ýerine ýetirilen işleriň käbir jemleriniň
jemleniljekdigini, geljekki döwür üçin wezipeleriň hem-de ugurlaryň
kesgitleniljekdigini belledi.
Türkmenistan
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyk hökmünde öz işine örän
jogapkärçilikli çemeleşdi. Biz Tertipnamada göz öňünde tutulan
ähli çäreleriň, şeýle hem häzirki bilelikdäki işler bilen baglylykda
beýleki duşuşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etdik.
GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň, daşary işler ministrleriniň
Geňeşiniň, Ykdysady Geňeşiň, birnäçe pudak edaralarynyň mejlisleri
geçirildi. Ykdysady meseleler boýunça toparyň duşuşyklary yzygiderli
guraldy. Ähli duşuşyklaryň baý many-mazmunly we netijeli iş ýagdaýynda
geçendigini bellemek gerek diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy
hem-de pursatdan peýdalanyp, ähli wekiliýetlere bu çärelere gatnaşýandyklary
hem-de hyzmatdaşlyga taýýardyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.
Hormatly
Prezidentimiz munuň oňyn netijeleri gazanmaga mümkinçilik berendigini
belläp, Arkalaşygyň işini netijeli utgaşdyrýandygy üçin Garaşsyz
Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Nikolaýewiç Lebedewe
minnetdarlyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan GDA-da başlyk
hökmünde şu ýyl ähli ylalaşylan meýilnamalary hem-de wezipeleri ýerine
ýetirmek üçin hyzmatdaşlar bilen bilelikde jogapkärçilikli işlemegi
dowam eder, bilelikdäki işiň netijeliligini üpjün etmek üçin ähli
tagallalary eder.
Şu
günki mejlisiň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döredilmeginiň
35 ýyllygynyň bellenilýän döwründe geçirilmegi onuň tapawutly aýratynlygydyr.
Munuň özi möhüm senedir. Bu gün geçilen ýoluň käbir meselelerini
jemlemek bilen, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň bu ýoly mynasyp
geçendigini ynamly aýtmak bolar. Käbir kynçylyklara garamazdan,
biz hyzmatdaşlygyň binýadyny gorap saklamagy, onuň deňhukukly, özara
hormatly we bähbitli häsiýetini üpjün etmegi başardyk diýip, döwlet
Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Nygtalyşy
ýaly, söwda-ykdysady gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär, aýratyn-da,
soňky ýyllarda söwda dolanyşygy artdyrylýar. Syýasy-diplomatik
ulgamdaky hyzmatdaşlygyň gün tertibi giňeldilýär. GDA formaty özüni
möhüm halkara meseleler boýunça diplomatik geňeşmeler üçin amatly
meýdança hökmünde görkezdi. Ynsanperwer gatnaşyklar hem baý many-mazmuny
bilen tapawutlanýar. Bu gatnaşyklar medeniýet, ylym, bilim, sport,
syýahatçylyk we beýleki birnäçe möhüm ugurlary öz içine alýar.
Parlamentara
hyzmatdaşlyk hem işjeňleşdirilýär. Türkmenistan Arkalaşygyň ýurtlarynyň
wekilleriniň işjeň gatnaşmagynda geçirilen birnäçe ähmiýetli
parlament çärelerini hem-de forumlaryny geçirmek başlangyjyny
öňe sürüp, bu ugry ösdürmäge uly üns berýär diýip, hormatly
Prezidentimiz aýtdy we bu çärelere gatnaşandyklary üçin wekiliýetlere
aýratyn minnetdarlyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz
parlament tematikasy bilen baglylykda, pursatdan peýdalanyp, Russiýa
Federasiýasynyň Prezidenti hormatly Wladimir Wladimirowiç Putini
ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasyna
saýlawlaryň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady, Döwlet Dumasynyň
täze düzüminde hem Türkmenistanyň we Russiýanyň kanun çykaryjy
edaralarynyň arasynda netijeli, özara hormat goýmak dialogynyň,
däp bolan hyzmatdaşlygyň, özara düşünişmegiň dowam etdiriljekdigine
ynam bildirdi.
Şeýle
hem, hormatly mejlise gatnaşyjylar, şu günki sammitiň dowamynda,
ýakyn dostlaryň we hyzmatdaşlaryň arasynda bolşy ýaly, size ýakynda
Türkmenistanyň durmuşynda möhüm wakanyň bolandygyny, ýokary wekilçilikli
edaranyň – Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilendigini habar
bermegi möhüm hasaplaýaryn. Onuň dowamynda birnäçe möhüm çözgütler,
hususan-da:
—
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin
Milli strategiýasy»;
—
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli
Döwlet maksatnamasy»;
—
«Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» milli konsepsiýasy;
—
«Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda»
Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni
dowam etdi we Halk Maslahatynyň mejlisiniň netijeleriniň Türkmenistanyň
halkara derejedäki, şol sanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndaky
işini ösdürmek üçin binýat boljakdygyna, bilelikdäki iş üçin täze
mümkinçilikleri, giňişlikleri döretjekdigine berk ynam bildirdi.
Ulag
ulgamyndaky hyzmatdaşlyga, Arkalaşygyň döwletleriniň logistika
we infrastruktura mümkinçiliklerini doly derejede açmak üçin
şertleri döretmäge aýratyn üns berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz
aýtdy we şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň 2029-njy ýyly «GDA-nyň
ulag arabaglanyşygynyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjyna
ünsi çekdi.
Döwlet
Baştutanymyz şeýle hem Türkmenistanyň GDA ýurtlary durnukly ulag
ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda işjeň orun eýelemelidirler
diýip hasaplaýandygyny aýtdy we şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň
2026 — 2035-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly
ulag boýunça onýyllygy başlangyjynyň aýratyn ähmiýetini belledi.
Bu barada BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda degişli
Kararnama kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly
Prezidentimiz Arkalaşyga agza döwletleriň onýyllygyň maksatlaryny
hem-de wezipelerini durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşjakdyklaryna
ynam bildirip, onýyllygy GDA giňişliginde, şeýle hem Birleşen Milletler
Guramasynyň çäklerinde durmuşa geçirmek boýunça degişli geňeşmeleri
geçirmäge hem-de bilelikdäki çemeleşmeleri we teklipleri işläp
taýýarlamaga Türkmenistanyň taýýardygyny tassyklady. Munuň üçin
bizde Baş Assambleýa tarapyndan 2025-nji ýylyň 26-njy awgustynda kabul
edilen «Birleşen Milletler Guramasy bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň
arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnama görnüşinde hukuk esasymyz
bar.
Umuman,
Türkmenistan ulag we üstaşyr geçelgeleri döretmek, olaryň durnuklylygyny
ýokarlandyrmak hem-de ähli ýurtlar, şol sanda GDA-nyň deňze çykalgasy
bolmadyk döwletleri üçin elýeterliligini üpjün etmek boýunça halkara
hyzmatdaşlygy ösdürmekde GDA ýurtlarynyň tagallalaryny birleşdirmäge
ýardam etmegi maksat edinýär. Türkmenistanyň bu ugurdaky işi şeýle
hem 2025-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji
maslahatynda kabul edilen we BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy
bilen biragyzdan makullanan «Awaza syýasy Jarnamasyna» esaslanýar.
Hazar
deňzi sebiti ulag arabaglanyşygynyň möhüm halkasy bolup durýar.
Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň Gündogar Hazar we Günbatar
Hazar geçelgeleriniň, hususan-da, GDA goňşy ýurtlarda we sebitlerde
bolup geçýän wakalar bilen baglylykda, örän möhüm ähmiýete eýedigi
mälimdir.
Senagat
we tehnologik hyzmatdaşlygyň, ýurtlarymyzyň çäklerinde önümçilik
zynjyrlarynyň döredilmeginiň ähmiýeti hem artýar. Şunuň bilen
baglylykda, şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçirilen GDA-nyň Hökümet
Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi dogry we anyk ugurlary görkezdi
diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzyň giň ynsanperwer hyzmatdaşlygy dowam etmegi
berk maksat edinýändigini aýdyp, halkara gün tertibi bilen baglylykda,
ileri tutulýan wezipe hökmünde BMG-niň Tertipnamasyny we halkara
hukugy goramakda tagallalary birleşdirmegi teklip etdi. Bu gün
bu wezipe aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Bellenilişi ýaly,
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy şu ýylyň
24-nji iýulynda 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etdi.
Şunuň bilen parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde, halkara
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda hem-de döwletleriň arasynda dostlukly
gatnaşyklary ösdürmekde hukuk kadalarynyň möhüm orny biragyzdan
tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Kararnamanyň
taslamasyny goldan we resminamany kabul etmäge möhüm goşant goşan
GDA ýurtlaryna minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistan
bu başlangyç bilen çykyş edende, ählumumy howpsuzlygyň binýady hökmünde
BMG-niň Tertipnamasynyň we halkara gatnaşyklaryň hukuk esaslarynyň
mizemezligini gorap saklamagyň zerurdygyna bolan berk syýasy we
ahlak ynamyndan ugur aldy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we
2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda Türkmenistanyň
başlyklyk etmegini goldandyklary üçin GDA döwletleriniň Baştutanlaryna
ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.
Ýurdumyz
mundan beýläk hem GDA-nyň çäklerinde dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk
gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ugrunda işlemegini we ähli bilelikdäki
meýilnamalary hem-de taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam bermegini dowam
eder diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady hem-de
pursatdan peýdalanyp, Arkalaşygyň döwletleriniň halklaryna parahatçylyk
hem-de abadançylyk baradaky tüýs ýürekden arzuwlaryny beýan etdi.
Soňra
döwlet Baştutanymyz bu gün Geňeşiň garamagyna ynsanperwer hyzmatdaşlyk,
howpsuzlygy we ulag arabaglanyşygyny üpjün etmek hem-de hyzmatdaşlygyň
beýleki ugurlary bilen baglanyşykly möhüm meseleleriň hödürlenendigini
aýdyp, mejlisiň gün tertibi baradaky maglumaty yglan etmek üçin Garaşsyz
Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewe söz berdi.
Sergeý Lebedew GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň döwletleriň
we Arkalaşygyň düzümleriniň teklipleri esasynda taýýarlanylan
hem-de Geňeşiň Başlygy bilen ylalaşylan gün tertibiniň taslamasy
barada maglumat berdi.
Mejlise
gatnaşyjylaryň biragyzdan goldamagynda mejlisiň gün tertibi tassyklanyldy.
Soňra
hormatly Prezidentimiz çykyş etmek üçin Azerbaýjan Respublikasynyň
Prezidenti Ilham Aliýewe söz berdi.
Azerbaýjan
Respublikasynyň Prezidenti bildirilen myhmansöýerlik üçin ýene bir
gezek hoşallyk bildirip, ýurdumyza her saparynyň özünde ýakymly
täsirleri galdyrýandygyny, Azerbaýjanda doganlyk Türkmenistanyň
durnukly ösüşine we gazanýan üstünliklerine ýokary baha berilýändigini
aýtdy. Bellenilişi ýaly, Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky
gatnaşyklar dost-doganlygyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýar we
strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýedir.
Prezident
Ilham Aliýew ýurtlarymyzyň arasynda ýokary derejedäki gatnaşyklaryň
işjeň häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, 2025-nji ýylyň
awgustynda Türkmenistana sapar bilen gelendigini, şeýle hem geçen
ýyl Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň
Azerbaýjana iki gezek sapary amala aşyrandygyny, şu ýylyň iýunynda
bolsa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet saparyny
amala aşyrandygyny aýtdy hem-de bu saparlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklara
goşmaça itergi berendigini, ähli ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek
üçin täze mümkinçilikleri açandygyny nygtady.
Bellenilişi
ýaly, şu ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlar Garaşsyzlygynyň
35 ýyllygyny belleýärler. Geçen ýyllaryň dowamynda GDA syýasy dialogy
saklamak, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek we ýurtlarymyzyň
arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin möhüm platforma hökmünde
ornuny berkitdi.
Prezident
Ilham Aliýew çykyşynyň ahyrynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň
2027-nji ýylda GDA-da bilelikde başlyklyk etmegi baradaky çözgüdi
goldandyklary üçin mejlise gatnaşyjylara hoşallyk bildirip, munuň
ýurtlarymyza bolan uly ynamyň subutnamasydygyny aýtdy hem-de azerbaýjan
tarapynyň bilelikdäki wezipeleri amala aşyrmaga işjeň gatnaşmaga
taýýardygyny tassyklady.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjanyň döwlet Baştutanyna
çykyş üçin minnetdarlyk bildirip, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri
Nikol Paşinýana söz berdi. Dostlukly ýurduň Hökümet Baştutany hemmeleri
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň
nobatdaky mejlisinde mähirli mübärekläp, myhmansöýerlik we sammitiň
ýokary guramaçylyk derejesi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk
bildirdi.
Premýer-ministr
Nikol Paşinýan diňe bir özüniň tebigy gözelligi bilen däl, eýsem,
infrastruktura kuwwaty bilen hem haýran galdyrýan «Awaza» milli syýahatçylyk
zolagynda geçýän bu duşuşygyň gerimini we ähmiýetini aýratyn
belläp, Awazada döredilen mümkinçiliklere ýokary baha berdi. Şeýle
hem sammitiň öňüsyrasynda Hazar deňziniň kenarýakasynda geçirilen
medeni maksatnamanyň GDA agza döwletleriň halklarynyň däp-dessurlaryny
we medeni özboluşlylygyny açyp görkezmäge mümkinçilik berendigi
bellenildi.
Ermenistanyň
Premýer-ministri şu ýyl Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň
çäklerinde ýerine ýetirilen işler üçin türkmen tarapyna hoşallyk
bildirip, bu işleriň Arkalaşygyň giňişliginde özara hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmakda we dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmekde
möhüm ähmiýete eýe bolandygyny aýtdy.
Soňra
döwlet Baştutanymyz Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr
Lukaşenko söz berdi. Prezident Aleksandr Lukaşenko bildirilen myhmansöýerlik
üçin hormatly Prezidentimize hoşallygyny beýan edip, Türkmenistanyň
GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän sammitiň guramaçylyk
derejesine ýokary baha berdi.
Şu
gün Hazar deňziniň merjeni bolan ajaýyp Awazada bir ýere jemlenmegimiz
möhüm ähmiýete eýedir. Asyrlaryň dowamynda Hazar deňzi ýurtlaryň
we halklaryň arasynda birleşdiriji köpri bolup hyzmat etdi we häzirki
wagtda hem bu wezipäni ýerine ýetirýär diýip, Belarus Respublikasynyň
Prezidenti belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkyny Türkmenistanyň
Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek gutlady we parahatçylyk,
abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.
Prezident
Aleksandr Lukaşenko şu ýyl Arkalaşygyň döredilmegine hem 35 ýyl
dolýandygyny belläp, bu düzümiň agza ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy
ösdürmekde we halklary ýakynlaşdyrmakda ähmiýetini belledi. Belarus
Respublikasynyň Prezidenti çykyşynyň ahyrynda Arkalaşygyň çäklerindäki
hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip,
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň
mejlisiniň işine üstünlikleri arzuw etdi.
Döwlet
Baştutanymyz çykyşy üçin Prezident Aleksandr Lukaşenko minnetdarlyk
bildirip, söz nobatyny Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart
Tokaýewe geçirdi. Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti sammitiň
ýokary guramaçylyk derejesi we myhmansöýerlik üçin döwlet Baştutanymyza
hoşallygyny beýan etdi hem-de düýnki geçirilen çäreleriň hem ýokary
derejesini belledi.
Şeýle
hem Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň
netijelerine we Arkalaşygyň umumy gün tertibinde göz öňünde tutulan
wezipeleri durmuşa geçirmäge goşýan uly goşandyna Gazagystanyň
ýokary baha berýändigini belläp, hormatly Prezidentimize bu ugurda
alnyp barylýan işler üçin aýratyn hoşallyk bildirdi. Bellenilişi
ýaly, bu sammit Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döredilmeginiň
35 ýyllygy bellenilýän ýylda geçýär. Şunuň bilen baglylykda,
GDA-nyň birleşdiriji wezipesiniň ýurtlarymyzyň Garaşsyzlygyny
gazanan döwründe has aýdyň ýüze çykandygy bellenildi. Ýurtlarymyz
döwletara hyzmatdaşlygyň täze görnüşini kemala getirdiler. Geçen
ýyllaryň dowamynda Arkalaşyk özara ynanyşmagy we hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmagyň netijeli köptaraplaýyn ulgamy hökmünde ornuny
berkitdi we dünýäde giňden ykrar edildi. Berk şertnama-hukuk binýady
döredildi, söwda-ykdysady gatnaşyklar durnukly ösýär, gоňşuçylyk
we hojalyk ulgamynda ýakyn hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Şunuň bilen
bir hatarda, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew GDA-nyň esasy baýlygynyň
halklarymyzyň dostlugy, umumy medeni we ruhy mirasy bolup durýandygyny
aýtdy hem-de bu ebedi gymmatlyklary aýawly saklamagyň, geljek nesillere
geçirmegiň umumy borçdugyny belledi.
Gazagystanyň
Prezidenti Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
ösdürmek, tagallalary birleşdirmek we gatnaşyklary işjeňleşdirmek
bilen baglylykda, birnäçe wezipeleri we ugurlary beýan etdi.
Soňra
çykyş etmek üçin Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa
söz berildi. Ol hemmeleri mähirli mübärekläp, myhmansöýerlik üçin
hormatly Prezidentimize ýene bir gezek hoşallyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň
2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň netijeli häsiýete eýe bolandygyny
belledi.
Şeýle
hem Prezident Sadyr Žaparow türkmen tarapynyň Arkalaşygyň giňişliginde
özara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça köp sanly möhüm işleri ýerine
ýetirendigini aýdyp, bu işlere ýokary baha berdi we guramanyň
çäklerinde ýurtlarymyzyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy, dostlukly
we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmegi üýtgewsiz
ugur edinendigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, geçen ýyllaryň dowamynda
GDA köpugurly hyzmatdaşlygyň möhüm ulgamy hökmündäki ornuny saklap,
ösüşiň we häzirki zaman ýagdaýlaryna uýgunlaşmagyň uly ýoluny geçdi.
Häzirki wagtda hem GDA pikir alyşmak we bilelikdäki başlangyçlary
öňe sürmek üçin möhüm meýdança bolmagynda galýar.
Prezident
Sadyr Žaparow çykyşynyň ahyrynda şu ýyl bir wagtda döwletlerimiziň
Garaşsyzlygynyň we Arkalaşygyň döredilmeginiň 35 ýyllygynyň
bellenilýändigini aýtdy hem-de şanly seneler bilen ähli gatnaşyjylary
gutlady.
Soňra Russiýa
Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine söz berildi. Prezident
Wladimir Putin mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, GDA-nyň ýubileý senesi
bilen baglanyşykly taýýarlanylan Bilelikdäki Beýannamanyň taslamasyny
Russiýanyň doly goldaýandygyny aýtdy. Bu resminama guramanyň
işiniň esasy netijelerini jemleýär we onuň ösüşiniň uzak möhletli
wezipelerini kesgitleýär. Bellenilişi ýaly, 30 ýyldan gowrak wagtyň
dowamynda Arkalaşyk, hakykatdan-da, uly ýol geçip, abraýly sebit
integrasion birleşigi hökmünde kemala geldi. Hut GDA-nyň döredilmegi
netijesinde, biziň halklarymyzyň arasynda durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer
gatnaşyklary saklamak we ösdürmek başartdy. Ykdysadyýet özara
hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar.
GDA ýurtlary söwda, maýa goýum, ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda
ýakyn hyzmatdaşlyk edýärler.
Prezident
Wladimir Putin kabul edilýän çözgütleriň Arkalaşygyň giňişliginde
netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam berýändigini aýtdy.
Bellenilişi ýaly, kemala getirilen durnukly maliýe infrastrukturasy
häzirki döwrüň möhüm meselelerini netijeli çözmäge hem-de ykdysady
hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga ýardam berýär.
Russiýa
Federasiýasynyň Baştutany şu ýyl Arkalaşykda netijeli başlyklyk
edýändigi hem-de sammitiň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.
Prezident
Wladimir Putin şu gün GDA-da başlyklyk etmegiň 2027-nji ýylda Özbegistana
geçirilmegi baradaky çözgüdiň kabul ediljekdigini aýdyp,
Prezident Şawkat Mirziýoýewe bu möhüm wezipäni ýerine ýetirmekde
üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly
Prezidentimiz çykyşy üçin Prezident Wladimir Putine minnetdarlyk bildirip,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona söz berdi.
Täjigistan
Respublikasynyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň
mejlisiniň guramaçylygy hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin
döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan etdi we türkmen tarapyny
GDA-da başlyklyk etmek wezipesini üstünlikli ýerine ýetirmegi bilen
gutlady. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň dowamynda gazanylan netijeler
guramanyň işiniň durnukly depginini üpjün etmäge mümkinçilik berdi.
Şeýle
hem Prezident Emomali Rahmon mümkinçilikden peýdalanyp, Arkalaşygyň
döwlet Baştutanlaryny şanly sene — GDA-nyň döredilmeginiň 35 ýyllygy
bilen tüýs ýürekden gutlap, geçen döwrüň dowamynda guramanyň ösüşinde
gazanylan üstünlikler barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, Arkalaşyga
agza döwletler köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy maksat
edinýärler we özara ynanyşmagyň ýokary derejesini görkezýärler.
GDA formaty meseleleriň giň toplumy boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň
möhüm guraly bolmagynda galýar. Soňky ýyllarda dürli ugurlar boýunça
özara hyzmatdaşlygyň oňyn netijeleri muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar.
Prezident
Emomali Rahmon çykyşynyň ahyrynda ýurdumyzyň Arkalaşygyň giňişliginde
özara hyzmatdaşlygy ösdürmekde durmuşa geçiren işlerine ýokary
baha berdi hem-de Türkmenistany GDA-da üstünlikli başlyklyk etmegi
bilen gutlady.
Soňra
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe söz berildi.
Ol mejlise gatnaşyjylary mübärekläp, türkmen topragynda mähirli
kabul edilendigi hem-de sammitiň ýokary guramaçylyk derejesi
üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi.
Şeýle
hem goňşy ýurduň Prezidenti Awazanyň ajaýyp binagärlik keşbiniň Türkmenistanyň
ösüşiniň okgunly depginini aýdyň görkezýändigini aýdyp, ýurdumyzyň
GDA-da başlyklyk etmeginiň dowamynda gazanylan netijelere ýokary
baha berdi we pursatdan peýdalanyp, mejlise gatnaşyjylary Arkalaşygyň
35 ýyllygy bilen gutlady. Bellenilişi ýaly, bu ýyllaryň dowamynda
ýurtlarymyzda uly özgertmeler bolup geçdi, özara hyzmatdaşlyk
has-da pugtalandyryldy, çünki ýurtlarymyzy ýakyn gatnaşyklar, umumy
taryh we hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleri baglanyşdyrýar.
Prezident
Şawkat Mirziýoýew bu mümkinçiliklerden halklarymyzyň bähbidine
netijeli peýdalanmagyň möhümdigini belläp, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny
nazara almak bilen, ynanyşmagy berkitmegiň we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň
wajypdygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, ýurtlarymyzyň toplan tejribesi
ykdysady hyzmatdaşlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň esasy binýatlarynyň
biri bolmagynda galýar. Şunuň bilen baglylykda, Arkalaşyga agza
döwletleriň bar bolan kuwwatyny doly derejede peýdalanmagyň
hem-de söwda-maýa goýum hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmagyň zerurdygy
bellenildi we birnäçe ugurlar beýan edildi.
Hormatly
Prezidentimiz açyk we netijeli pikir alyşmalar üçin mejlise gatnaşyjylara
minnetdarlyk bildirip, çykyşlaryň dowamynda GDA-nyň çäklerindäki
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen möhüm
hem-de netijeli teklipleriň beýan edilendigini belledi. Döwlet
Baştutanymyz GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetine mejlisde beýan
edilen başlangyçlary seljermegi hem-de wekiliýet Baştutanlarynyň
ähli teklipleriniň iş ýüzünde amala aşyrylmagy üçin anyk çäreleri
işläp taýýarlamagy teklip etdi.
Soňra
2027-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda Özbegistan Respublikasynyň
başlyklyk etmegi baradaky çözgüt kabul edildi. Hormatly
Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylaryň ählisiniň adyndan özbek tarapyny
gutlap, üstünlikli başlyklyk etmegi arzuw etdi.
Mejlisiň
dowamynda başga-da birnäçe guramaçylyk meselelerine seredildi
we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Soňra
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň
mejlisi giňişleýin düzümde dowam etdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sammite gatnaşyjylary ýene bir gezek
mähirli mübärekläp, döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň çäkli düzümde
geçirilen mejlisiniň dowamynda 2027-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan
başlap, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegiň Özbegistan
Respublikasyna geçirilmegi baradaky çözgüdiň kabul edilendigini
aýtdy we Prezident Şawkat Mirziýoýewe çykyş etmek üçin söz berdi.
Prezident
Şawkat Mirziýoýew Özbegistan Respublikasynyň GDA-da başlyklyk etmeginiň
Konsepsiýasyny we geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamak
boýunça işleriň tamamlanandygyny, şunda 100-den gowrak çäräniň
göz öňünde tutulandygyny aýtdy.
Şeýle
hem Prezident Şawkat Mirziýoýew Arkalaşygyň içindäki syýasy dialoga
aýratyn ünsi çekip, hoşniýetli goňşuçylyk, ynanyşmak we özara düşünişmek
ýörelgeleriniň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň binýady
bolup durýandygyny we bu binýady berkitmegiň zerurdygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, ýurtlarymyzyň baý önümçilik mümkinçiliklerine,
serişdelere, tehnologiýalara we bazarlara eýediginden ugur alnyp,
senagat hyzmatdaşlygyny berkitmek, bilelikdäki önümçilikleri
döretmek, özara maýa goýumlar üçin şertleri gowulandyrmak, işewürlikde
tehnologiýalaryň peýdalanylyşyny giňeltmek we elektron söwdany
ösdürmek ýaly ugurlar beýan edildi.
Döwlet
Baştutanymyz Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip,
döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň adyndan Özbegistan Respublikasyna
üstünlikli başlyklyk etmegi we özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
pugtalandyrmagyň bähbidine öňde goýlan ähli maksatlara ýetmegi
arzuw etdi.
Soňra
GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman
hökmünde gatnaşýan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana
söz berildi. Dostlukly ýurduň Prezidenti bu sammite gatnaşmaga çakylyk
hem-de onuň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna hoşallygyny
beýan edip, Eýran Yslam Respublikasynyň GDA agza döwletleriň Baştutanlarynyň
Geňeşiniň mejlisine ilkinji gezek hormatly myhman hökmünde gatnaşmagynyň
özara gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de hyzmatdaşlygyň täze tapgyryny
açmak üçin uly mümkinçilik bolup durýandygyny aýtdy. Bellenilişi
ýaly, bu duşuşygyň Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň ekologiýa
sammiti bilen bir wagtda geçirilmegi Eýranyň Hazarýaka we Merkezi
Aziýa ýurtlary bilen umumy bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlygyny
ösdürmek üçin amatly binýat döredýär.
Prezident
Masud Pezeşkian Eýranyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza
ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge döredilen mümkinçilik
üçin ýene bir gezek hoşallygyny beýan edip, bu duşuşygyň Merkezi
Aziýanyň, Günorta Kawkazyň we Eýranyň diňe bir geografik taýdan
däl-de, eýsem, hyzmatdaşlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň bitewi sebitini
kemala getirmek ýolunda möhüm ädime öwrüljekdigine ynam bildirdi.
Serhetler
bizi birek-birek bilen geografik taýdan baglanyşdyrýar. Ýöne biziň
syýasy erkimiz bu baglanyşygy parahatçylygyň, durnuklylygyň we
ösüşiň umumy gurşawyna öwürmäge mümkinçilik berer diýip, Eýran Yslam
Respublikasynyň Prezidenti çykyşyny jemledi.
Hormatly
Prezidentimiz çykyşy üçin Prezident Masud Pezeşkiana minnetdarlyk bildirdi.
Soňra
GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew çäkli düzümdäki mejlisde kabul
edilen çözgütler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, wekiliýet
Baştutanlary 2027-nji ýylda Arkalaşykda Özbegistan Respublikasynyň
başlyklyk etmegi, Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň
bolsa bilelikde başlyklyk etmegi baradaky çözgüdi kabul etdiler.
Şeýle hem döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini
2027-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Özbegistan Respublikasynda geçirmek
baradaky Çözgüt kabul edildi.
Sergeý
Lebedew Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döredilmeginiň 35
ýyllygy bilen baglanyşykly Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna
gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Beýannamasy hakynda maglumat
berdi.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyş etmek üçin Rus dili boýunça
halkara guramanyň Baş sekretary Natalýa Boçarowa söz berdi. Ol
mejlise gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, şeýle ýokary derejeli
çärä gatnaşmagyň özi üçin uly mertebedigini hem-de jogapkärçilikdigini
aýtdy. Bellenilişi ýaly, şu ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň
döredilmegine 35 ýyl dolýar. Bu hem ýaşlygyň, hem-de toplanylan uly
tejribäniň ýaşydyr. Arkalaşygyň kuwwaty Rus dili boýunça halkara
gurama ýaly täze taslamalary döretmek başarnygy bilen subut edilýär.
Şunuň bilen baglylykda, bu guramanyň öz işine 6 aý mundan ozal başlandygy
aýdyldy we onuň alyp barýan işleri barada maglumat berildi.
Döwlet
Baştutanymyz manyly çykyşy üçin Natalýa Boçarowa minnetdarlyk
bildirip, oňa we Rus dili boýunça halkara gurama alyp barýan işlerinde
mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow kabul edilen çözgüde laýyklykda,
GDA gatnaşyjy döwletleriň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary
ösdürmäge, dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşan uly
şahsy goşandy üçin Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň döwletara
ynsanperwer hyzmatdaşlyk gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory
Tahir Iksanowa, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyny pugtalandyrmak
we ösdürmek boýunça işi üçin Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň Demir
ýol ulagy boýunça geňeşiniň müdiriýetiniň başlygy Wiktor Popowa
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hormat hatyny gowşurdy.
Soňra
resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Gol çekilen resminamalaryň hatarynda
2027-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmek
hakynda Çözgüt; Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň
Geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmek hakynda Teswirnamalaýyn çözgüt;
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döredilmeginiň 35 ýyllygy
mynasybetli GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Beýannamasy
hakynda Çözgüt; Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hormat haty
bilen sylaglamak hakynda Teswirnamalaýyn çözgüt; Garaşsyz Döwletleriň
Arkalaşygynda 2029-njy ýyly “Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň
ulag arabaglanyşygy ýyly” diýip yglan etmek hakynda Çözgüt bar.
Gol
çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow sammite gatnaşyjylara ýüzlenip, şu günki mejlisiň netijeli
geçendigini, resminamalary kabul etmekden başga-da, wekiliýet Baştutanlarynyň
GDA-nyň çäklerindäki köpugurly hyzmatdaşlygyň, şeýle hem halkara
gün tertibiniň meseleleriniň giň toplumy boýunça netijeli pikir
alşandyklaryny belledi. Döwlet Baştutanymyz beýan edilen teklipleriň
hem-de garalan resminamalaryň GDA giňişliginde umumy bähbitlere laýyk
gelýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we kämilleşdirmäge
hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
Hormatly
Prezidentimiz sözüniň ahyrynda şu günki döwlet Baştutanlarynyň mejlisini
taýýarlamaga we geçirmäge gatnaşan GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň
işgärlerine, bilermenlere, Arkalaşygyň edaralarynyň wekillerine
minnetdarlyk bildirip, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň
mejlisini ýapyk diýip yglan etdi.
Şeýlelikde,
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň
Awazada geçirilen mejlisi GDA ýurtlarynyň ykdysady integrasiýany
çuňlaşdyrmaga çalyşýandyklaryny görkezip, möhüm sebit we ählumumy
meseleleri çözmekde türkmen diplomatiýasynyň ýokary netijeliligini
subut etdi.
***
GDA-nyň
döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi öz işini tamamlansoň,
bu gurama agza ýurtlaryň Baştutanlary hem-de mejlise hormatly myhman
hökmünde gatnaşan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti mejlisiň
çäklerinde ýaýbaňlandyrylan gurama agza döwletleriň we Eýran Yslam
Respublikasynyň sergisini synladylar. Milli pawilýonlarda ýurtlaryň
häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri, ykdysady mümkinçilikleri
hem-de medeni aýratynlyklary, durmuşa geçirýän başlangyçlary we
taslamalary öz beýanyny tapdy. Munuň özi şu ýylyň möhüm wakasyna öwrülen
halkara çäreleriň köptaraplaýyn häsiýete eýe bolandygyny görkezýär.