Şu
gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we
Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy
geçirildi. Nobatdaky konsultatiw duşuşyk bu gün taryhy şanly waka beslendi —
Azerbaýjan Respublikasy ilkinji gezek bu sebit dialogyna resmi görnüşde
gatnaşýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjany formata goşmak boýunça strategik
başlangyjy sebitara hyzmatdaşlygy, ulag-logistika arabaglanyşygyny we
energetika dialogyny hil taýdan täze derejä çykarmaga itergi berer.
Azerbaýjanyň
işjeň gatnaşmagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň konsultatiw duşuşyklary formaty
häzirki wagtda tutuş Ýewraziýa giňişliginde integrasion prosesleriň kuwwatly
hereketlendiriji güýjüne öwrüler. Azerbaýjanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň
dialogyna goşulyşmagy sebit hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze geosyýasy we
geoykdysady derejä çykarýar. Bu hyzmatdaşlyk Hazar deňzi, Günorta Kawkaz we
Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygyň, ykdysady ösüşiň bitewi ulgamyny kemala
getirýär.
Multimodal
ulag-logistika geçelgelerini döretmek formatdaky hyzmatdaşlygyň esasy
ugurlarynyň biri bolup durýar. Merkezi Aziýa döwletleriniň logistika ulgamlary
bilen Azerbaýjanyň infrastruktura mümkinçilikleriniň utgaşdyrylmagy Aziýa bilen
Ýewropanyň arasynda ygtybarly köprini döredip, Hazarüsti halkara ulag
geçelgesini işjeňleşdirmäge ýardam berýär. Port infrastrukturasynyň
ösdürilmegi, demir ýollaryň birleşdirilmegi we gümrük amallarynyň
ýeňilleşdirilmegi gatnaşyjy ýurtlara diňe bir özara söwdanyň möçberlerini
artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ählumumy üpjün ediş zynjyrlarynda esasy
orunlary eýelemäge hem mümkinçilik berýär.
Energetika
«Merkezi Aziýa + Azerbaýjan» formatyndaky hyzmatdaşlygyň ýene-de bir möhüm ugry
bolup durýar. Sebitiň ýurtlary tebigy gazyň, nebitiň ägirt uly gorlaryna we
gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň uly mümkinçiliklerine eýe bolup, bu
ugurdaky bilelikdäki tagallalar energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna
iberilýän eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, bitewi durnukly
energetika ulgamyny döretmäge gönükdirilendir. Bu çalt ösýän hyzmatdaşlyk
mehanizminde Türkmenistan aýratyn we netijeli orun eýeleýär. Hazar deňziniň
gündogar kenarynda geografik taýdan amatly ýerleşýän ýurdumyz Merkezi Aziýany we
Günorta Kawkazy baglanyşdyrýan esasy halka bolup çykyş edýär. Türkmenistanyň
hemişelik Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly dialog ýörelgelerine
esaslanýan daşary syýasaty sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça
ylalaşykly çözgütleri işläp taýýarlamak üçin amatly şertleri döredýär.
Ýurdumyz
giň möçberli infrastruktura hem-de energetika başlangyçlaryny ilerletmek bilen,
hyzmatdaşlyga öz anyk goşandyny goşýar. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň
ulanmaga berilmegi, döwrebap söwda flotunyň ösdürilmegi hem-de awtomobil we
demir ýollarynyň döwrebaplaşdyrylmagy kuwwatly logistika merkezini kemala
getirmäge mümkinçilik berdi. Mundan başga-da, Türkmenistan energetika
akymlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de Günbatar we Günorta ugurlary boýunça
uglewodorod serişdeleriniň iberilýän ygtybarly ulgamlaryny döretmek ugrunda
çykyş edýär.
Şeýle
hem ýurdumyz ynanyşykly dialog, ekologik howpsuzlyk we medeni-ynsanperwer
umumylygy gorap saklamak taglymlaryny işjeň öňe sürmek bilen, formaty
institusional taýdan pugtalandyrmaga uly goşant goşýar. Hazar deňziniň
ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini gorap saklamak hem-de
howanyň üýtgemeginiň täsirine garşy göreşmek boýunça Türkmenistanyň öňe sürýän
başlangyçlary formata gatnaşyjy ýurtlaryň ählisiniň bähbitlerine laýyk gelýär.
Şu günki duşuşygyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi hem ykrar
edilen parahatçylyk döredijilik merkezi hökmünde ýurdumyzyň eýeleýän ornuny
tassyklaýar.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň giň möçberli halkara başlangyçlary
Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa + Azerbaýjan» formatyndaky hyzmatdaşlygynyň esasy
hereketlendiriji güýji bolup durýar. Hazar deňzi sebitini we goňşy sebitleri
parahatçylyk, ynanyşmak we abadançylyk zolagyna öwürmek boýunça konsepsiýa
Gahryman Arkadagymyzyň strategik garaýyşlarynyň esasyny düzýär. Türkmen
halkynyň Milli Lideriniň durnukly multimodal ulag geçelgelerini döretmek
boýunça teklibi Hazar deňziniň üsti bilen Türkmenbaşy şäheriniň we Bakuwyň port
infrastrukturasyny baglanyşdyrýan Gündogar — Günbatar ugrunyň
işjeňleşdirilmeginde öz beýanyny tapdy. Munuň özi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň
ulag ulgamlaryny birleşdirmek üçin ygtybarly logistika binýadyny döretdi.
Mundan
başga-da, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bu altytaraplaýyn
hyzmatdaşlyk formatynda energetika diplomatiýasyna we ekologik howpsuzlyk
meselelerine aýratyn üns berilýär. Energiýa serişdeleriniň iberilýän ugurlaryny
diwersifikasiýalaşdyrmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden we suw
serişdelerinden netijeli peýdalanmak ulgamlarynda tagallalary birleşdirmek
boýunça öňe sürlen teklipler umumy sebit gün tertibiniň möhüm bölegine öwrüldi.
Türkmenistanyň sebitiň ýurtlarynyň Baştutanlary üçin dialog meýdançasy bolup
hyzmat etmegi bu döredijilikli syýasatyň kanunalaýyk dowamy bolup durýar.
...«Awaza»
toplumynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet
Baştutanlaryny hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mähirli garşylady.
Sammite
gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşmek
dabarasyndan soňra, hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde Merkezi Aziýa
ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw
duşuşygy öz işine başlady.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow duşuşyga gatnaşyjylary mähirli mübärekläp,
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň
sekizinji konsultatiw duşuşygynyň işiniň başlamagy bilen gutlady we sammitiň
üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.
Döwlet
Baştutanymyz Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe geçen ýyl
Daşkentde geçirilen ýedinji konsultatiw duşuşykda bildirilen myhmansöýerlik we
sammite netijeli başlyklyk edendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip,
bu gün ilkinji gezek altytaraplaýyn formatda resmi taýdan duşuşylýandygyny
aýtdy we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewi aýratyn
mübärekläp, ony bu şanly waka bilen gutlady.
Azerbaýjanyň
goşulmagy, biziň pikirimizçe, döwletlerimiziň köpýyllyk özara ýakynlaşmagynyň,
doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmegiň
möhümdigine düşünmegiň kanunalaýyk netijesi, halklarymyzyň ösüş ýoly bilen
bilelikde, egin-egne berip, öňe gitmäge bolan ymtylyşynyň beýany boldy diýip,
hormatly Prezidentimiz belledi.
Şu
günki duşuşygyň dowamynda biz meseleleriň uly toplumyny ara alyp
maslahatlaşarys. Dünýädäki we sebitdäki ýagdaýlar çalt özgerýär, täze şertler
ýüze çykýar. Bu biziň aýratyn üns bermegimizi, dogry we öňdengörüjilikli
çözgütleri işläp taýýarlamak üçin dürs baha bermegi talap edýär diýip
hasaplaýaryn.
Şu
gün öňümizde giň möçberli, strategik maksatlary goýup biljekdigimize ynanýaryn.
Ýurtlarymyzyň ykdysadyýetleriniň durnukly ösüşi, olaryň
diwersifikasiýalaşdyrylmagy, hiliniň we tehnologik derejesiniň
ýokarlandyrylmagy umumy bähbitlere laýyklykda we özara bähbitli şertlerde
hyzmatdaşlygymyzy has-da artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Möhüm
logistika we energetika ösüş merkezleri hökmünde Merkezi Aziýanyň we
Azerbaýjanyň sebitdäki hem-de dünýädäki orny yzygiderli artýar. Bu bolsa Aziýadaky
we Ýewropadaky hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ösdürmek üçin mümkinçilikleri
açýar.
Biziň
umumy ruhy we medeni ýakynlygymyzy pugtalandyrmak, ynsanperwer hyzmatdaşlygy
ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda boldy we şeýle bolmagynda galýar
diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi hem-de şu gün bu möhüm
meseleleriň we ugurlaryň ählisiniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny, beriljek
bahalaryň, teklipleriň bolsa biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň döredijilikli
ösüşine hem-de abadançylygyna gönükdiriljekdigini nygtady.
Hormatly
Prezidentimiz Türkmenistanyň şu günki duşuşyga döwletlerimiziň arasyndaky
gatnaşyklary pugtalandyrmakda täze möhüm tapgyr hökmünde garaýandygyny aýtdy we
şunuň bilen baglylykda, birnäçe ileri tutulýan wezipelere ünsi çekdi.
Hususan-da, altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiligini artdyrmagyň,
ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasynda raýdaşlyk, agzybirlik we özara goldaw
ruhuny saklamagyň hem-de pugtalandyrmagyň, biziň sebitlerimizde, olara ýanaşyk
zolaklarda parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmegiň, möhüm halkara meseleler
boýunça hyzmatdaşlar bilen netijeli syýasy-diplomatik dialog üçin şertleri
döretmegiň möhümdigi bellenildi.
Şeýle
hem hormatly Prezidentimiz söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyna täze itergi
bermegi, Merkezi Aziýany we Azerbaýjany yklymda, Gündogar — Günbatar we
Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ulag-logistika, energetika we senagat
geçelgeleriniň esasy we möhüm gаtnaşyjylaryna öwürmekde tagallalary
birleşdirmegi, çaltlandyrylan tehnologik ösüş üçin şertleri döretmegi, emeli
aňy ornaşdyrmagy, bu görkezijiler boýunça dünýäde bäsdeşlige ukyply orunlara
çykmagy, birleşigimiziň çäklerindäki giň ynsanperwer, medeni, bilim
hyzmatdaşlygyna ýardam bermegi, halklaryň arasyndaky siwilizasion aragatnaşygyň
we özara düşünişmegiň möhüm şerti hökmünde beýleki döwletler bilen şeýle
gatnaşyklary giňeltmegi ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda belledi.
Alty
döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň, özara ynanyşmagyň, açyklygyň we
ýolbaşçylaryň düşünişmeginiň derejesiniň häzirki wagtda örän ýokarydygyny we
berkdigini nazara alyp, öňümizde goýlan ähli wezipeleri çözmäge mümkinçiligimiz
bar diýip hasap edýärin. Şunda halkara howpsuzlyk ulgamynda ylalaşylan
çemeleşmeleri emele getirmek möhüm şert bolup durýar. Türkmenistanyň maksatlary
hem-de wezipeleri pugta parahatçylygy üpjün etmäge, siwilizasion dialogy ýola
goýmaga, dialog arkaly wehimleri ýeňip geçmäge, özara ynamy dikeltmäge
gönükdirilendir. Bu ýörelgeleriň häzirki formatyň ähli gatnaşyjylaryna ýakyn we
düşnüklidigine ynanýaryn. Bu bolsa halkara meýdançalarda bilelikdäki ädimleri
işjeňleşdirmek üçin berk binýat döredýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we
BMG-niň geljegi babatda çemeleşmeleri emele getirmäge, şeýle hem halkara
hukugyň ornuna ünsi çekdi.
Döwlet
Baştutanymyz Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň geçen sessiýasynda
2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyç bilen
çykyş edendigini, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryň hukuk binýadynyň
mizemezligini saklamagyň zerurdygyna ynanýandygyny aýdyp, bu başlangyjy durmuşa
geçirmekde Türkmenistanyň tagallalaryny goldandyklary üçin minnetdarlyk
bildirdi.
Döwlet
Baştutanymyz ýurtlarymyzyň diplomatik mümkinçilikleriniň artandygyny,
hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeldilendigini we bu mümkinçiligi netijeli
peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, konsultatiw
duşuşyklaryň çäklerinde daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli esasda
altytaraplaýyn geňeşmeler formatyny döretmegi teklip etdi.
Biziň
döwletlerimiz okgunly ösýän we kuwwatly ykdysadyýete eýedir. Biz şeýle hem
Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň geoykdysady ýerleşişiniň uly mümkinçilikleri
açýandygyny görýäris. Häzirki wagtda Gündogar — Günbatar we Demirgazyk —
Günorta ugurlary boýunça ulag-logistika arabaglanyşygyny döretmek baradaky
gepleşikleri we hereketleri işjeňleşdirmek hem-de olara doly derejeli mazmun
bermek möhümdir diýip hasaplaýaryn. Şunda Merkezi Aziýa — Hazar deňzi — Günorta
Kawkaz — Ýewropa geçelgesi esasy orun eýelemelidir. Türkmenistanyň,
Azerbaýjanyň we Gazagystanyň Hazarýaka döwletler hökmünde özara
hyzmatdaşlygynyň bu taslamalara tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň, şeýle hem
beýleki ýurtlaryň gatnaşmagyny üpjün edip biler diýen düşünjeden ugur alýarys.
Türkmenistan Hazar deňzindäki öz infrastrukturasyny özara bähbitli esasda umumy
bähbitlere ulanmaga bermäge taýýardygy barada birnäçe gezek beýan edipdi.
Energetika
ulgamynda hem hyzmatdaşlygyň giň mümkinçilikleri bar. Muňa diňe bir turba
geçirijiler däl-de, eýsem, gyzyklanma bildirýän ýurtlara elektrik energiýasyny
ibermek we elektroenergetika ulgamynda durnukly baglanyşyklary döretmek
taslamalary hem degişlidir. Munuň özi geljegimiziň möhüm binýady, ýurtlarymyzyň
energetika howpsuzlygynyň ygtybarlylygy, şeýle hem häzirki wagtda dünýä
energetika bazaryndaky durnuksyzlyga garşy möhüm kepilligimiz bolup durýar.
Söwda-ykdysady
gatnaşyklarda hem hil taýdan täze özgertmeler talap edilýär. Senagat
hyzmatdaşlygy, ýurtlarymyzyň çäklerinde özara biri-biriniň üstüni ýetirýän
önümçilikleri döretmek möhüm ugurlar bolup durýar. Oba hojalygynda, aýratyn
hem, gaýtadan işleýän pudaklarda hyzmatdaşlyk möhüm diýip hasaplaýaryn. Şunda
biziň ýurtlarymyzyň howa hem-de geografik artykmaçlyklaryny doly derejede
peýdalanmak, hili we bahasy boýunça beýleki üpjün edijiler bilen bäsleşmäge
ukyply iri eksport ugurly obasenagat toplumlaryny döretmek boýunça bilelikdäki
taslamalara çykmak gerek. Şunuň bilen baglylykda, ulag, gümrük we baha
päsgelçiliklerini aradan aýyrmak aýratyn ähmiýete eýe bolýar diýip, döwlet Baştutanymyz
aýtdy we has çeýe, netijeli döwrebap usullary, elektron ulgamlary ornaşdyrmak
barada pikirlenmegi teklip etdi.
Hormatly
Prezidentimiz ýurtlarymyzyň arasynda söwdany diwersifikasiýalaşdyrmagyň, haryt
dolanyşygynyň möçberini artdyrmagyň möhüm wezipe bolup durýandygyny, bu ýerde
hem altytaraplaýyn hyzmatdaşlyk mehanizmini döretmegiň ýerlikli boljakdygyny
aýtdy. Şunda telekeçilik birleşikleriniň we assosiasiýalaryň öz üstüne
başlangyçly orny almalydyklaryny nygtady we olaryň netijeli başlangyçlarynyň
döwlet derejesinde goldanyljakdygyna ynam bildirdi.
Döwlet
Baştutanymyz tehnologik özgertmelere aýratyn ünsi çekip, bu ugurda formatyň
çäklerinde, şeýle hem onuň daşynda hyzmatdaşlygyň görnüşleri barada
pikirlenmegi teklip etdi. Daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tehnologik
kompaniýalaryna Merkezi Aziýada we Azerbaýjanda biziň Hi-Tech (Haý-tek)
merkezlerimiziň binýadynda bilelikdäki taslamalara gatnaşmagy teklip etmek,
munuň üçin amatly hyzmatdaşlyk şertlerini döretmek ugurlaryň biri bolup biler.
Şunuň bilen baglylykda, ýakynda Türkmenistan tarapyndan halkara tehnologik we
innowasion hyzmatdaşlygyň höweslendiriji şerti hökmünde öňe sürlen «Akylly»
şäherler diplomatiýasy» başlangyjy hem-de oňa Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň
işjeň gatnaşmagy uly mümkinçilikleri açýar diýip hasaplaýaryn diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy we altytaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň täze mehanizmini
döretmegiň zerurdygyny nygtap, ýakyn wagtda onuň anyk ugurlaryny ylalaşmaga
girişmegi teklip etdi.
Umumy
taryhy we siwilizasion kökler biziň halklarymyzyň we döwletlerimiziň
ykballaryny birleşdirýär, olaryň özara düşünişmeginiň esasy şerti bolup durýar.
Biz bu beýik mirasy aýawly saklaýarys we ösdürýäris. Ony biziň beýik
pederlerimiz — filosoflar we şahyrlar Magtymguly Pyragy, Nyzamy Genjewi, Abaý
Kunanbaýew, Ýusup Balasagunly, Rudaki, Alyşir Nowaýy wesýet etdiler.
Ynsanperwer
hyzmatdaşlygyň hemişe biziň gatnaşyklarymyzyň ileri tutulýan ugry bolup
galmalydygyna, giňeldilmelidigine we baýlaşdyrylmalydygyna ynanýaryn. Bu
ulgamda hem altytaraplaýyn mehanizmleri döretmek, hyzmatdaşlygyň mazmunly
meýilnamalaryny işläp taýýarlamak maksada laýyk bolar diýip hasaplaýaryn diýip,
hormatly Prezidentimiz aýtdy we Türkmenistanyň şeýle çemeleşmäni doly
goldajakdygyny tassyklady.
Sözüniň
ahyrynda, hormatly Prezidentimiz çakylygy kabul edendikleri, şeýle hem doganlyk
halklaryň we döwletleriň mundan beýläk-de ýakyn hem-de döredijilikli
hyzmatdaşlygy maksat edinýändikleri üçin sammite gatnaşýan döwlet
Baştutanlaryna ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.
Soňra
döwlet Baştutanymyz çykyş etmek üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti
Ilham Aliýewe söz berdi.
Azerbaýjan
Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew hormatly Prezidentimize Awazada
geçirilýän halkara çärelere gatnaşmaga çakylyk we bildirilen myhmansöýerlik
üçin hoşallyk bildirip, doganlyk Türkmenistanda, ajaýyp Awazada ýene bir gezek
bolýandygyna şatdygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, geçen ýylyň noýabr aýynda
Azerbaýjan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw
duşuşygynyň doly hukukly agzasy boldy. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Ilham
Aliýew bu taryhy çözgüdi biragyzdan goldandyklary üçin döwlet Baştutanlaryna
ýene bir gezek hoşallygyny beýan etdi hem-de bu babatda Türkmenistanyň eýeleýän
ornuny aýratyn belledi. Nygtalyşy ýaly, hut Gahryman Arkadagymyz geçen ýylyň
awgust aýynda Awazada Azerbaýjanyň bu formata doly hukukly gatnaşmagy baradaky
başlangyç bilen çykyş edipdi.
Azerbaýjan-türkmen
gatnaşyklary soňky ýyllarda durnukly we işjeň ösdürilýär. Geçen ýyldan bäri
ýokary derejedäki özara saparlaryň bäşisi amala aşyryldy. Bu bolsa özara syýasy
dialogyň işjeňligini hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de
berkitmäge bolan ymtylyşy aýdyň görkezýär. Prezident Ilham Aliýew Gahryman
Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Fizuli şäherinde metjidiň gurulýandygyny belläp,
geçen ýyl Milli Liderimiz bilen bilelikde bu binanyň düýbüni tutmak dabarasyna
gatnaşandygyny, doganlyk Türkmenistanyň Azerbaýjana bu sowgadynyň iki halkyň
dostlugynyň we ruhy ýakynlygynyň ýene bir aýdyň mysalydygyny aýtdy.
Azerbaýjan
Respublikasynyň Prezidenti bu hyzmatdaşlyk formatynyň geosyýasy ähmiýetini
belläp, onuň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň geljekki ösüşleriniň,
şeýle hem özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň kepilidigini belledi.
Döwlet
Baştutanymyz çuň mazmunly çykyşy hem-de Türkmenistan babatda aýdan hoşniýetli
sözleri üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip,
onuň öňe süren teklipleriniň özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek,
sebit we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen baglylykda uly ähmiýete
eýedigini aýtdy.
Hormatly
Prezidentimiz Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasy bilen doganlyk
gatnaşyklara uly ähmiýet berýändigini we olary yzygiderli pugtalandyrmaga
taýýardygyny tassyklap, doly hukukly köpugurly özara gatnaşyklaryň Merkezi
Aziýa ýurtlary bilen Azerbaýjanyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylygy,
hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam
etjekdigine ynam bildirdi.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart
Tokaýewe söz berdi.
Prezident
Kasym-Žomart Tokaýew bildirilen myhmansöýerlik we sammitiň ýokary guramaçylygy
üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan etdi. Bellenilişi ýaly, «Awaza»
milli syýahatçylyk zolagy nobatdaky gezek wajyp halkara çäreleriň geçirilýän
ýerine öwrülip, Bitarap Türkmenistanyň dünýä diplomatiýasynyň merkezi
hökmündäki möhüm ornuny ýene bir gezek tassyklady.
Bu
günki duşuşyk aýratyn many-mazmuna eýedir, çünki ol Merkezi Aziýa ýurtlarynyň
we Azerbaýjan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda
geçirilýär. Bu ýyllaryň içinde ýurtlarymyzda uly ösüşler gazanyldy. Häzirki
wagtda Merkezi Aziýa we Azerbaýjan Ýewraziýada ösüşiň we geosyýasy
hyzmatdaşlygyň merkezi diýlip ykrar edilýär. Iň esasysy bolsa doganlyk halklarymyzyň
agzybirligi netijesinde ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar yzygiderli
pugtalandyrylýar.
Prezident
Kasym-Žomart Tokaýew agzybirligiň, özara goldawyň we ynanyşmagyň ýurtlarymyzyň
umumy strategik binýadyna öwrülip, döwrüň wehimlerine bilelikde jogap bermäge
mümkinçilik berýändigini aýtdy hem-de sebitiň mundan beýläk-de parahatçylyk we
durnukly ösüş giňişligi bolup galmagy üçin tagallalary mundan beýläk-de
birleşdirmegiň wajypdygyny nygtady.
Gazagystanyň
Prezidenti Türkmenistanyň konsultatiw duşuşyga üstünlikli başlyklyk edýändigini
belläp, gazak tarapynyň ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işlere ýokary
baha berýändigini aýtdy hem-de şu günki sammitiň netijeleriniň özara
hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.
Şunuň bilen baglylykda, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew sebitdäki hyzmatdaşlygy
mundan beýläk-de ösdürmek boýunça Gazagystanyň garaýyşlaryny beýan etdi. Şunda
sebitde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek maksady bilen, serhetýaka
söwda-logistika we senagat merkezlerini özara birleşdirip, sebitara söwdanyň
möçberlerini artdyrmak üçin bilelikdäki çäreleriň meýilnamasyny kabul etmek,
ulag-logistika infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, Merkezi Aziýanyň Suwdan
peýdalanmak baradaky Çarçuwaly konwensiýasyny kabul etmek hem-de BMG-niň
howandarlygynda Halkara suw guramasyny döretmek teklip edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine çykyşy we öňe süren möhüm
teklipleri üçin minnetdarlyk bildirip, bellenilip geçilen bu ugurlaryň sebitde
özara ynanyşmagy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin aýratyn ähmiýete
eýedigini aýtdy. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Gazagystan bilen strategik
hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ýokary baha berýär. Ýurdumyz syýasy,
söwda-ykdysady, ulag we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de
giňeltmäge, şeýle hem tagallalary birleşdirmäge gyzyklanma bildirýär.
Soňra
çykyş etmek üçin Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa söz berildi.
Prezident
Sadyr Žaparow duşuşyga gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, bildirilen
myhmansöýerlik we sammitiň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hormatly
Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp,
ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny beýan
etdi.
Şu
gezekki konsultatiw duşuşyga türkmen tarapynyň başlyklyk etmeginiň çäklerinde
geçiren işleriniň oňyn netijelerini uly kanagatlanma bilen bellemek isleýärin.
Halklarymyzyň abadançylygyna we sebitimiziň geljegine degişli meseleleri ara
alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige örän şatdyryn diýip, Prezident
Sadyr Žaparow sözüni dowam etdi. Bellenilişi ýaly, geçirilýän duşuşyklar möhüm
meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga, pikir alyşmaga we wajyp çözgütleri kabul
etmäge mümkinçilik berýär. Bu formatyň esasyny düzýän deňhukuklylyk, özara
hormat goýmak, her bir döwletiň bähbitlerini göz öňünde tutmak ýörelgeleri
möhüm ähmiýete eýedir.
Gyrgyzystan
Merkezi Aziýanyň parahatçylygyň, ynanyşmagyň we hoşniýetli goňşuçylygyň sebiti
hökmünde ornuny berkitmegini yzygiderli goldaýar. Şunuň bilen baglylykda, dürli
wehimlere garşy göreşmekdäki tagallalary utgaşdyrmagyň möhümdigi bellenildi.
Şeýle hem Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we
Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
pugtalandyrmak boýunça öňde durýan meseleleriň birnäçesine ünsi çekdi.
Prezident
Sadyr Žaparow konsultatiw duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesi we bildirilen
myhmansöýerlik üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirdi.
Döwlet
Baştutanymyz çuň mazmunly çykyşy we öňe süren gymmatly teklipleri, pikirleri
üçin Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, olaryň amala
aşyrylmagynyň döwletlerimiziň arasyndaky özara düşünişmegi we netijeli
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam
bildirdi.
Hormatly
Prezidentimiz Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasy bilen däp bolan dost-doganlyk
we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýändigini aýdyp,
ikitaraplaýyn gatnaşyklary we altytaraplaýyn formatyň çäklerindäki özara hyzmatdaşlygy
mundan beýläk-de ösdürmegiň umumy bähbitlere doly laýyk geljekdigini hem-de
sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini belledi.
Soňra
hormatly Prezidentimiz söz nobatyny Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti
Emomali Rahmona geçirdi.
Prezident
Emomali Rahmon duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hormatly
Prezidentimize hoşallygyny beýan edip, Türkmenistany Merkezi Aziýa ýurtlarynyň
we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna
üstünlikli başlyklyk etmegi bilen gutlady. Bellenilişi ýaly, bu duşuşyk ýerine
ýetirilen işleriň jemlerini jemlemäge we sebit hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan
ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik döredýär. Şunda formatyň çäklerinde
gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň bilelikdäki işleriň esasy
ugurlarynyň birine öwrülmelidigi bellenildi. Bu bolsa sebitiň mümkinçiliklerini
geljekki nesilleriň bähbidine netijeli ulanmaga şert döreder.
Täjigistanyň
Prezidenti ykdysady, ulag we energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny
belläp, şunuň bilen baglylykda, birnäçe möhüm ugurlary beýan etdi.
Senagat
hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, tebigy serişdeleri bilelikde gaýtadan işlemek,
sanly, «ýaşyl» we emeli aň tehnologiýalaryny hem-de kiçi we orta telekeçileriň
gatnaşmagyndaky eksport taslamalaryny işjeň ornaşdyrmak ileri tutulýan ugurlar
hökmünde bellenildi. Sebitdäki haryt üpjünçiligi zynjyrynyň durnuklylygyna,
azyk howpsuzlygyny berkitmäge, şeýle hem energetika ulgamynda bilelikdäki
taslamalary maliýeleşdirmäge üns çekildi. Şunuň bilen bir hatarda, sebitiň sarp
ediş zerurlyklaryna niýetlenen iň täze tehnologiýaly iri nebiti gaýtadan
işleýän zawodyň gurluşygyny amala aşyrmak hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa
çeşmelerini ösdürmäge we energiýanyň netijeliligini ýokarlandyrmaga
gönükdirilen «ýaşyl» geçişiň sebit strategiýasyny işläp düzmek teklip edildi.
Hormatly
Prezidentimiz baý mazmunly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Emomali
Rahmonyň öňe süren möhüm başlangyçlarynyň sebitde özara hyzmatdaşlygy we
bilelikdäki tagallalary ösdürmäge uly goşant goşjakdygyny aýtdy hem-de
Türkmenistanyň Täjigistan bilen strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna aýratyn
ähmiýet berýändigini, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde işjeň
hyzmatdaşlyk etmäge, parahatçylygy, howpsuzlygy, ynanyşmagy, ykdysady we
ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda bilelikde işlemäge
taýýardygyny belledi.
Soňra
döwlet Baştutanymyz çykyş etmek üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti
Şawkat Mirziýoýewe söz berdi.
Dostlukly
ýurduň Prezidenti bildirilen myhmansöýerlik hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we
Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň
ýokary guramaçylyk derejesi üçin hormatly Prezidentimize hoşallygyny beýan
edip, bu duşuşygyň aýratyn ähmiýetini, onda Türkmenistanyň üstünlikli başlyklyk
edýändigini belledi. Şeýle hem Prezident Şawkat Mirziýoýew türkmen halkynyň
Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň köp ýyllaryň dowamynda ýurtlaryň arasyndaky
dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmaga goşýan uly şahsy goşandyny
belläp, Milli Liderimize aýratyn hoşallyk bildirdi.
Soňky
ýyllarda Merkezi Aziýa düýpli özgerdi. Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň
gurşawy-da üýtgedi. Biz ýygy-ýygydan duşuşyp, özara gyzyklanma bildirilýän
meseleleri ara alyp maslahatlaşýarys, çözgütleri işläp taýýarlaýarys we
birek-biregi goldaýarys diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew aýtdy hem-de şunda
konsultatiw duşuşyklaryň ähmiýetine ünsi çekdi. Şonuň ýaly-da bu formaty
döretmek bilen, ýurtlarymyzyň Merkezi Aziýanyň abadançylygyny, durnukly ösüşini
üpjün etmek maksadyndan ugur alýandyklaryny, munuň bolsa gönüden-göni
döwletleriň arasyndaky ynama baglydygyny belledi.
Özbegistanyň
Prezidenti XXI asyrda Merkezi Aziýany ösdürmek maksady bilen, dostluk,
hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnama gol çekilmeginiň
taryhy waka bolandygyny belledi hem-de häzirki döwrüň şertlerinden ugur alyp,
özara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagyň, hereketleri utgaşdyrmagyň wajypdygyny
aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki iş üçin aýratyn ähmiýetli
hasaplanýan birnäçe ugurlar beýan edildi. Şolaryň hatarynda 2035-nji ýyla çenli
«6 ykdysadyýet — 1 önüm» ýörelgesi boýunça Söwda-ykdysady maksatnamany durmuşa
geçirmek, 2027-nji ýylda «Merkezi Aziýa — Azerbaýjan» işewürlik maslahatyny
guramak, maýa goýumlary goldamak üçin binýat döretmek, täze energetika
konsepsiýasyny işläp düzmek, suw serişdelerine sanly gözegçiligi girizmek,
«Merkezi Aziýanyň arassa howasy» konsorsiumyny, şeýle hem Möhüm minerallar
boýunça sebit birleşigini döretmek ýaly başlangyçlar bar.
Döwlet
Baştutanymyz çuňňur mazmunly çykyşy üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe
minnetdarlyk bildirip, öňe sürlen teklipleriň uly ähmiýete eýedigini we özara
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini belledi.
Şeýle
hem hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Özbegistan bilen doganlyk
gatnaşyklaryna we strategik hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigini aýdyp,
ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmeginiň we köptaraplaýyn
formatlaryň çäklerindäki ýakyn hyzmatdaşlygyň sebitde, halkara giňişlikde
parahatçylygy hem-de durnuklylygy berkitmäge mundan beýläk-de ýardam
etjekdigine ynam bildirdi.
Soňra
hormatly Prezidentimiz döwlet Baştutanlaryna ýüzlenip, konsultatiw duşuşyga
gatnaşandyklary, halklarymyzyň we ýurtlarymyzyň arasynda dost-doganlyk,
hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga
taýýardyklary üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi. Bu babatda Merkezi
Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň
konsultatiw duşuşygy bilelikde öňe hereket etmek üçin esasy syýasy we amaly
binýatlary emele getirýär. Depginli ykdysady hem-de tehnologik ösüş üçin
şertleri döredýär, ynsanperwer hyzmatdaşlygyň yzygiderliligini üpjün edýär. Şu
günki mejlis bu ugra döredijilikli hem-de netijeli itergi berdi. Döwlet
Baştutanlarynyň beýan eden teklipleri, pikirleri hem-de başlangyçlary anyk
häsiýete eýe bolup, biziň mümkinçiliklerimize esaslanýar we umumy kuwwatymyzy
doly derejede peýdalanmaga gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Duşuşyk
doganlyk döwletleriň Baştutanlarynyň arasyndaky özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň
ýokary derejesini, olaryň halklarymyzyň ösüşiniň hem-de abadançylygynyň
bähbidine bilelikde işlemäge, sebitde, şeýle hem ählumumy derejede
parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam bermäge
çalyşýandyklaryny tassyklady.
Konsultatiw
duşuşyklaryň altytaraplaýyn formaty bu maksatlary gazanmak üçin täze
mümkinçilikleri açýar, şu günki ara alyp maslahatlaşmalaryň netijeleri muny
aýdyňlygy bilen tassyklady diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Hormatly
Prezidentimiz döwlet Baştutanlarynyň şu mejlisine taýýarlygyň dowamynda
wekiliýetler tarapyndan nobatdaky konsultatiw duşuşygy 2027-nji ýylda
Azerbaýjan Respublikasynda geçirmek hakyndaky meseläniň ylalaşylandygyny aýdyp,
Prezident Ilham Aliýewi bu çözgüt bilen gutlady hem-de şu formatyň döwletlerimiziň
arasyndaky özara ynanyşmagy we netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge uly goşant
goşjakdygyna ynam bildirdi.
Döwlet
Baştutanymyz Türkmenistanyň parahatçylygy, durnuklylygy we hoşniýetli
goňşuçylygy mundan beýläk-de berkitmäge aýratyn ähmiýet bermek bilen, bu
duşuşyga taýýarlyk görmek we ony üstünlikli geçirmek üçin hemmetaraplaýyn
ýardamy, zerur goldawy berjekdigini aýdyp, hemmelere netijeli iş üçin ýene-de
bir gezek minnetdarlyk bildirdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan
Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygyny ýapyk
diýip yglan etdi we degişli resminamalara gol çekmek dabarasyna geçmegi teklip
etdi.
Soňra
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň
konsultatiw duşuşygynyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama, şeýle hem
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň
konsultatiw duşuşygynyň kadalaşdyryjy resminamalary hakynda çözgüde gol çekildi.
Şeýlelikde,
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen döwlet Baştutanlarynyň
konsultatiw duşuşygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň
parahatçylyk döredijiligiň we sebit hyzmatdaşlygynyň merkezi hökmünde öz ornuny
pugtalandyrýandygyny ýene-de bir gezek aýdyňlygy bilen subut etdi.