Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
«Halk» hem-de «Watan» diýen mukaddes sözler özboluşly sena ýaly utgaşykly gelip, ýigitlerimiziň we gyzlarymyzyň durmuş şygaryna öwrülmelidir»
Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden dörän, milli gymmatlyklarymyza, asylly ýörelgelerimize, watançylyk duýgularyna bagyşlanan «Döwlet guşy» romany, «Parahatçylyk sazy – dostluk, doganlyk sazy», «Mertler Watany beýgeldýär», «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» ýaly birnäçe nusgawy eserleri kämil şahsyýet bolup ýetişmekde biz üçin ýol görkeziji şamçyrag bolup hyzmat edýär. Bu ajaýyp kitaplarda ata Watan, ene toprak, il-gün, ene-ata, maşgala mukaddesligi, aýdym-saza bolan söýgi ýaly mukaddesliklerimiz ilik-düwme edip, orta çykarylýar. Kitabyň gatyny açanyňda, Watan, toprak, il-gün mukaddesligi, aýdym-saza söýgi hakyndaky jümlelere duş geleniňde bolsa, şu Watanyň perzendidigiňe buýsanýarsyň.
Arkadag Prezidentimiziň «Döwlet guşy» romanynda Diýara bolan çäksiz söýginiň beýik nusgasy Berdimuhammet aganyň keşbinde has-da aýdyň ýüze çykýar. Şeýle-de, «Türkmen topragy – mertligiň, gaýduwsyzlygyň topragy. Türkmen topragy – rysgal berekediň topragy» diýlen sözleriň çuňňur many-mazmuny içinden eriş-argaç geçýän bu romanyň «Täsin ahwalat» bölümindäki ýaşajyk Mälikgulynyň urşa gidýänleriň öňünde okan goşgy bentlerinde şol döwürde başdan geçirilen kynçylykly, ýöne ruhubelent duýgulara beslenen oba durmuşynyň hakykatlary bütin aýdyňlygy bilen ör-boýuna galýar.
Gahryman Arkadagymyzyň bu romanynda ynsanyň kalbynda Watana bolan belent söýginiň, ýurdy goramaga, ýeňiş gazanmaga bolan hyjuwyň has-da kämilleşmegi üçin tebigata bolan belent söýginiň kemala getirilmegine uly ähmiýet berilýär. Romanda türkmen topragynyň tebigatynyň janly, çeper suratlandyrylmagy uly baha mynasypdyr.
«Watan döwletimiziň, ýurdumyzyň we milletimiziň her bir şahsyýet bilen bitewüligidir» diýip, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, hakykatdan-da, bagtyýar zamanamyzda ata Watanymyzy beýgelden görnükli şahsyýetlerimiziň sarpasy belent tutulýar. Olaryň ýadygärligini ebedileşdirip, işleriniň dowam etdirilmegine buýsanýarys, guwanýarys. Biz şahsyýetlerimiziň geçen taryhy ýoluny öwrenip, mähriban Diýarymyzy dünýäniň nusgalyk döwletleriniň derejesine çykarmaga öz goşandymyzy goşmaga çalyşarys.
Maýsa Hudaýberdiýewa,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň ykdysadyýetçi hünärmenleri
taýýarlaýyş okuw merkeziniň diňleýjisi,
Ýaşlar baýragynyň eýesi.