Dogry, biziň
sözlere baý milli türkmen dilimizde «Watany goramak» sözüne şeýle düşündiriliş
berilýär: halkyň rahatlygyny goramak, ýurduňy goramak, serhediňi goramak,
parahatçylygy we azatlygy goramak we ş.m.
Hawa, bu berilýän düşündirişler doly
hem-de aýdyň hasap edilýär. Ýöne, meniň pikirimçe, «Watany goramak» sözüne
başgaça-da düşünýän, şol bary-ýogy iki sözüň yzynda yhlasly durjak bolup
ymtylýan gerçeklerem sanardan köpdür.
Belki-de siz
eýýäm «O nähili başgaça düşünmek?» diýen soragy berensiňiz. Sebäbi «Watany goramak» sözi olardan başga-da
şu manylary-da aňladýar:
– beýlekileriň
asuda hem parahat ýaşamaklygy üçin tutuş ömrüňi bagş etmek;
– öz janyňa
töwekgellik etmek, ýagny, janyňy orta goýmak, gerek bolsa Watan üçin pida
etmäge hemişe taýýar bolmak;
– mukaddes borjy ýerine ýetirmek;
– bagtyýar we goragly durmuşy kepillendirmek, üpjün etmek;
Şeýle-de, men şol sözüň aňyrsynda «Ümmülmez
bagt» sözüni görýärin. Çünki Watany goramaklyk gutarnyksyz bagtdyr. Şondan uly
bagt bolsa asla bolup bilmez. Ol uly bagta ýetmek üçin hem birnäçe
kynçylyklara döz gelip, olary öz çydamlylygyň we batyrlygyň bilen ýeňip geçmek
gerek. Diňe şondan soň sen sözüň doly manysynda öz bagtyny Watanyň goragynda
görýän hakyky Watan goragçysy bolup bilersiň. Ol batyrlaryň sarpasy hemişe
belentdedir. Munuň aňyrsynda uly şan-şöhrat, at-abraý, gaýduwsyzlyk hem
edermenlik ýatyr.
Onsoňam,
Watany diňe harby gullukçy bolup ýa-da eliňe ýarag alyp goramalymy? Elbetde
ýok. Watany ondaky her bir adam gorap biler. Onuň alýan we alan ylym-bilimi,
hünäri, kesp-käri Watanyň abraýyny goramakda, arşa götermekde uly ýarag bolup
hyzmat edýär.
Diňe öz
Watanyny ýürekden söýýän adam ony gorap saklamagy özüne çäksiz bagt hasap edip
biler. Edil goşgy setirlerinde aýdylyşy ýaly, «Ýürekden söýmedik ýurt gorap
bilmez...». Watanyny söýüp bilmedik adam bolsa hiç bir zady-da söýüp bilmez.
Göbek ganyň
daman ýeriniň goragyny amala aşyrmak bu mertlikden nyşan ahyryn. Sebäbi Watany
goramak – bu mertleriň käri, är ýigitleriň käri. Ärler bolsa diňe ärlerden
dörär.
Watan
mukaddesligi ýaly beýik duýgyny miras goýan merdana pederlerimiz bize ömürbaky
nusgalyk mekdep bolar. Olaryň bitiren işleri bolsa ýol-ýörelgämiz bolar.
Watany
söýeliň! Watany goralyň! Ol biziň öýümizdir! Ol biziň daýanjymyzdyr, ýeketäk
guwanjymyzdyr!
Toýlymyrat Begmyradow,
TGM-niň Harby institutynyň harby talyby.