Gözel Awazanyň kenarynda ýerleşýän «Watançy» myhmanhanasynda myhmanlaryň rahat dynç almaklary hem-de wagtlaryny hoşwagt geçirmekleri üçin ähli şertler göz öňünde tutulan. Myhmanhananyň mümkinçilikleri ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň, şeýle hem beýleki myhmanlaryň ýokary isleginden peýdalanýar.
Bu ýerde myhmanlaryň göwnejaý dynç almaklary üçin hyzmatlaryň dürli görnüşleri hödürlenýär. Myhmanhananyň birinji gatynda SPA sagaldyş merkezi, restoran, lobbi-bar ýerleşýär. SPA sagaldyş merkezinde bolsa howuz, fin saunasy we türk hammamy ýerleşip, massaž, magnit, mikrotolkunly terapiýa, ultrases, Mollagaranyň wulkaniki palçygyndan proseduralar, şokoladly we deňiz otlaryndan dolanmalar myhmanlar üçin elýeterlidir.
Häzirki wagtda myhmanhana myhmanlara hödürleýän tagamlary bilen-de giňden tanalýar. Onuň restoranynda dürli tagamlar, lobbi-barda miwe kokteýlleri we desert hödürlenýär. Ikinji gatda suşi bar ýerleşmek bilen, onda ýapon tagamlaryndan lezzet almaga, bilýard, fitness zallarynda bolsa talaba laýyk türgenleşmäge mümkinçilik döredilendir.
Myhmanhananyň daşky mümkinçilikleri hem-de ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy hem dünýä ülňüleriniň talaplaryna doly laýyk gelýär. Myhmanhananyň daşynda ulular we çagalar üçin howuz, futbol, basketbol hem-de tennis meýdançalary ýerleşýär.
Bu ýerde deňziň kenaryna dynç almak üçin döredilen şertler has-da täsirli. Arassa çägeli kenary, suwuň boýunda dynç almak üçin rahatlygy bilen aýratyn tapawutlanýan bu ýerde freş bar ýerleşip, onda täze sykylan miwelerden salkyn içgiler myhmanlar üçin elýeterlidir.
Fotosuratlary «Multimedia» bölümimizde görüp bilersiňiz!