03.06.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Watana / Nowruz Güýjow
Watana / Nowruz Güýjow
18.01.2020 3649 Bäsleşik

Şükür,Watan seň goýnuňda dem alýan,

Hemem hormat goýýan kyblam atama.

Bolmaryn men saňa ysnat getirýän,

Çünki, Watan – sežde edýärin saňa.

Ýaşap ýörün şygryýetli güzerde,

Watan ogly. Belent tutýan göwnümi.

«Sen diýipler» ýaşap ýörün bu ýerde,

Hemem saňa bagş edýärin ömrümi.

Ýogsa ýaşamaklyk nämäme derkar,

Şineledi, hasyl getirer ömür.

Ýaşap ýörün, şükür goýnuňda örýän,

Apalaýar bizi bagtyýar döwür.

Adamkärçilige baglaýan hörpüm,

Hödür-keremim bar, elimde çörek.

Aýt, Watan, bir kimsä degýärmi nepim,

Diýmek, ömür geçýän däldir biderek.  

Nowruz Güýjow,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.