Watan, sen neneň eziz hem mukaddesligiňi
gulpajygymy tazardyp ýören çagajyk mahalym synlan gözýetimimdenem has uludygyňy,
gözeldigiňi indi bu gün kämil çykyp, il
derdine ýarap, ene-atamyň göz guwanjyna öwrülip, bütin halkymyň alkyşyny alyp,
seniň adyňy äleme äşgär edenimde has anyk göz ýetirdim. Sporta ömrümi baglan
günümden bäri mamam pahyryň «Uzak ýola sapar-syýahata çykanyň dileg dogasy çalt
kabul bolarmyş. Öýüňizden kyrk ädim uzaklaşsaňyzam, ýagşy dileg-dogalary etmekden
diliňiz ýadamasyn. Il ýurduňyza, dost-ýaryňyza, goňşyňyza, öz öýüňize, özüňize
hökman süýji dileglerde boluň!» diýerdi. Şu jümläni senden müňlerçe çakyrym
uzaklarda, ýat illerde halkara derejeli ýaryşlara gatnaşanymda, ýüregimiň her
urgusynda, dileg-dogalarym, alkyş-senalarym seniň üçin, Watan! Görogly begiň
senasy, Jygalybegiň dogasy, erenleriň ak
patasy, balalaryna dileg edip nurly ýollara atarýan atalaryň arzuwy, eneleriň
alkyşy, ogul-gyzlaryň yhlasy we umydy ornan, Watanym, seni depäme täç edip,
ömrüm boýy hyzmat etmekden başga bagt
barmy? Ýok bolsa gerek, megerem. «Watana
bolan söýgi iň beýik söýgiüdir» diýen jümläniň nä derejede çynlygyny ýat illere
ýaryşa gidenimde has aýdyň göz ýetirdim. Gursagymda hem aňymda, ganymda hem
janymda seniň mizemez mukaddesligiň möhürlenipdir, Watan! Pyragynyň arzuw eden
berkararlygymyz hem
bagtyýarlygymyz, seň bilen, Watan!
Daşary döwletlere okuw türgenleşiklerine gideýin ýa ýaryşa gideýin, tapawudy
ýok, uçar menziline baryp, uzak ýolla rowan
bolan pursadymdan Watana bolan küýsegim başlanýar. Her bir geçirilýän
ýaryşlarda hem bedenimi hem ruhumy taplaýan pursatlarymda hakydamda Watanym, il-günüm,
dost ýarlarymyň mähriban keşbi janlanýar. Watanymyň tämiz howaly daglarydyr,
behişdi baglarynyň nygmatlary maňa her pursat Watan öňümdäki mukaddes borjumy ýatladýar.
Ýeňijiler münberiniň baş baýragyna mynasyp bolup orta çykyp, türkmen tebigatynyň reňkini ýadyňa salýan
ýaşyl baýdagymyz belende göterilende, buýsanç bilen ýaňlanýan Döwlet senamy
göze ýaş getirip, uly buýsanç hem guwanç duýgulary bilen ýerine ýetirýän
pursatymda-da Watana bolan beýik söýgim hakda aýdym aýdýan ýaly bolýaryn. Çünki
arkamda dagym bolan, ýürekde barym bolan Gahryman Arkadagymyzyň ynamydyr, bu
ýeňiş! Watan hem Arkadag bular edil Aý bilen Gün ýaly bir-birine berk baglanyşykly
sözler, sebäp bu Watany gülledýän il gün üçin eşretli döwran döredýän Il ogly
elmydama Watan deýin eziz bolup, onuň ady Watan deýin ýüregimiziň her bir
urgusynda gaýtalanýar. Ýeňiş bilen ata Watana dolanmak, uçar menzilinden başlap
öýe barýan mähriban ýollara çenli eli gülli watandaşlarymyň meni garşy almagy
söz bilen düşündirip bolmajak derejedäki duýgulardyr, muny her bir türgen iç-içinden
duýup, şatlygyny äleme buşlap gygyrar derejede duýup görendir. Birnäçe wagt aýralykdan
soň Watana dolanmak onda-da ýeňiş bilen dolanmak, gör, neneňsi bagt. Sebäbi
hakyky bagta diňe öz iliňde ýetilýär, gazanan ähli zadyňy öz iliňe
getirilýär.
Gunça Orazowa,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby.