Dünýä
nusgalyk ýurdumyz, Arkadagyň saýasynda,
Şeýle amatly
ýerleşen Ýer şarynyň aýasynda,
Arkadagym alyp barýar, öňe sary ak
atynda,
Iň bagtly ynsanlaryň ýurdy bu gün
Türkmenistan,
Bütin
dünýäniň ýüzünde bu jümleler gazal-dessan.
Kämil ýaşlar terbiýelenýär Watançylyk
ruhunda,
Ata-babaň synmaz ruhy ýaşyl ýaz deý
Tugunda
jemlenendir, belent maksat
Bitaraplygyň ýurdunda
Iň bagtly ynsanlaryň ýurdy bu gün
Türkmenistan,
Bütin
dünýäniň ýüzünde bu jümleler gazal-dessan.
Günbe-günden rowaç alýar, ösüş-özgerişleň
bady
Bitaraplygyň mekany – bu ýyl
Watanmyzyň ady,
Tutuş dünýä
nusga bolup, barha artýar şan-şöhraty
Iň bagtly
ynsanlaryň ýurdy bu gün Türkmenistan,
Bütin
dünýäniň ýüzünde bu jümleler gazal-dessan.
Bitaraplyk, dost-doganlyk parahatlyk
merkezidir,
Ak mermerli paýtagtym bar, tutuş
dünýäň merjenidir,
Bagtyýarlyk döwrümiziň şu güni hem
ertesidir,
Iň bagtly ynsanlaryň ýurdy bu gün
Türkmenistan,
Bütin
dünýäniň ýüzünde bu jümleler gazal-dessan.
Eşretli durmuş hözirin görüp ýaşaýar
halkymyz,
Arkadagyň yhlasyndan baky geldi bu
bagtymyz,
Şeýle eşretli durmuşda, manyly
geçýär wagtymyz,
Iň bagtly ynsanlaryň ýurdy bu gün
Türkmenistan,
Bütin
dünýäniň ýüzünde bu jümleler gazal-dessan.
Wepa Hallyýew.