03.06.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Watan üçin ogullar... / Myrat Sapargulyýew
Watan üçin ogullar... / Myrat Sapargulyýew
14.01.2020 2014 Bäsleşik

Watan üçin şir deý arlap Oguzlar,
Serlerini orta goýup bir başdan.
Merdana ogullar, merdem ogullar,
Gorkmadylar ok-däriden, ataşdan.

Kasam – baky lebiz, bir bolmalydyr,
Kasam etdik tutup tuguň ujundan,
Watana kast eden hyrsyz dönükler,
Geçendirler mertleň ýiti gyljyndan.

Çünki, Watan gymmat şirin janyňdan,
Nusgalykdyr ençe ärler, aslymyz.
Şol gerçekleň gaýnan gyzyl ganyndan,
Bu topragy gorap ýören nesli biz.

Ýurt üçin lowurdan batyr ýürekler,
Bu gün egne geýdik harby lybasyn.
Gursagmyň üstünde elimi goýup,
Aýdym edip aýtýan Döwlet senasyn.

Halkyň ynamydyr egnimizde çin,
Asly halal, atalarmyz Oguzlar.
Watany, topragy goramak üçin,
Erkek bolup doguldyk biz, ogullar.

Myrat Sapargulyýew,
TGM-niň Harby institutynyň harby talyby.