Watan sen
mukaddes, mährem sen, Watan,
Göbek ganym
daman ene toprak sen.
Kök uran
haýbatly uly çynarda,
Çynaryn eý
görýän birje ýaprak men.
Watan, sen
mukaddes ene mysaly,
Goýnuňda
balalaň apalap saklan.
Çäksiz saňa
bolan buýsanjym, söýgim,
Gaýtararyn beren duzuňy, haklap.
Watan, sen
mukaddes, bar zatdan eziz,
Sebäp bar
barlygym sende jemlenen.
Saňa bolan
mährim giren kalbyma
Owaz bilen
hüwdä goşup hiňlenen.
Watan, sen
mukaddes, keramatsyň sen,
Seni
goramaklyk mertlerden miras.
Owazaň
dolduryp jahan içinde,
Şanyň beýgeltmäge ederis yhlas.
Watan, sen
mukaddes, mährem sen, Watan,
Mähriban her
agaç, her bir ýapragyň.
Seň tikeniň
ýat bägüle çalyşman,
Altyn-zere bermen
gysym topragyň.
Watan, sen
mukaddes, mährem sen, Watan,
Şol mähir
serhetden başlanýar, elbet,
Gorarys
gözmüziň göreji ýaly,
Hemem
bolarys biz wepaly perzent.
Bagtygül Ernazarowa,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag
kommunikasiýalary institutynyň talyby.