03.06.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Watan gudraty / Nurmuhammet Haşyrow
Watan gudraty / Nurmuhammet Haşyrow
10.01.2020 23201 Bäsleşik

Howasyndan howa berip öýkenme,

Zemininden ýöremäge ýer beren.

Meni Käbäm ýaly söýüp, janyndan

Galkynamda ganat beren, per beren.

Ýykylamda gujaklan sen ilkinji,

Beýgelemde, göteren sen, asmana.

Bir däl, müňläp-müňläp sebäbi bardyr,

Her daban ýeriňi bagra basmama.

Söýgüleriň beýigi sen, beýigi,

Mukaddesligiňem mukaddesisiň.

Eneleň dilinde hüwdisi ýaly,

Bilbilleň saýraşan mukam sesisiň.

Watan- saňa beýik gudrat diýilýär,

Raýatyna bagtly durmuş gatan, sen.

Asty keramatly, üsti keremli,

Öçmejek ýer bolup, kalba batan, sen.

Tarypyňa ejiz gelýär sözlerem,

Ömre ömür, bagtly durmuş çatan, sen.

Bäş harpyňda bäş müň many jemleýän,

Namazlyk deý, mukaddessiň Watan, sen.

Nurmuhammet Haşyrow,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.