milli goshun logo
Watan goragçylary hakynda aýratyn alada
Watan goragçylary hakynda aýratyn alada
26.01.2023 1157 Harby durmuş

Watan goragçylarynyň gününiň öňüsyrasynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäherçesinde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçylary üçin düýpli abatlanan 4 gatly, 60 öýli täze ýaşaýyş jaýy gurlup ulanmaga berildi. Täze ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasyna harby gullukçylar, il sylagly ýaşulular hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu ýerde türkmen milliligi, däp-dessurlary berjaý edilip, toý gazanlary ataryldy. Harby gullukçylaryň ýerine ýetiren joşgunly aýdymlaryna, medeniýet we sungat ussatlarynyň edebi-sazly kompozisiýasyna, şeýle hem harby gullukçylaryň gutlag çykyşlaryna uly orun berildi. Olarda merdana pederlerimiziň ruhy siňen mähriban Watanymyzyň bu ajaýyp künjeginde gurlan binada täze durmuşyň, bagtyýar ýaşaýşyň gaýnap joşjakdygynyň waspy belentden ýaňlandy.

Täze ýaşaýyş jaýlarynyň daş-töweregi birkemsiz abadanlaşdyrylypdyr. Bu ýerde ýerleşdirilen körpe nesliň dynç almagy, sagdyn hem-de erkana ösmegi üçin niýetlenen oýun meýdançasy, şeýle hem harby gullukçylar hem-de olaryň maşgala agzalary üçin niýetlenen sport meýdançasy täze ýaşaýjylaryň hyzmatynda. Täze jaý eýeleri türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmak babatda saldamly işleri durmuşa geçirýändigi üçin Hormatly Belent Serkerdebaşymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.