Şu gün – 28-nji sentýabrda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak, harby we ýörite atlary dakmak, hünär derejelerini bermek dabarasy geçirildi.
Ýurdumyzyň harby gullukçylary sylaglary buýsanç bilen kabul edip, Watanymyza hemişelik wepadarlygyň, türkmenistanlylaryň asuda durmuşynyň goragynda berk durmaga taýýarlygyň nyşany hökmünde Döwlet tugumyzyň öňünde kasam etdiler.
Halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmekde, ýurdumyzyň serhet çäklerini mynasyp derejede goramakda, pederlerimizden gelýän mertlik, edermenlik, watanperwerlik ýaly belent häsiýetlere ygrarlylykda we harby borja wepalylykda tapawutlanan gaýratly harby gullukçylarymyzyň sylaglanylmagy eziz Diýarymyzda Watan goragçylary hakynda aýratyn alada edilýändigini, olara belent sarpa goýulýandygyny ýene bir ýola äşgär etdi.