Türkmenistanyň
Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda
döretmek, öňegidişlik we gülläp ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň
taryhyna möhüm sene bolup ýazyldy.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde merdana
harby gullukçylarymyz Watanymyzyň asudalygyny we özygtyýarlylygyny
pugtalandyrmak, goranmak ukybyny berkitmek, çäk bitewüligini goramak işlerini
mynasyp derejede alyp barýarlar. Şuňa laýyklykda, Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli
hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda, gulluk
borçlaryny göreldeli ýerine ýetiren, söweşjeň taýýarlykda ýokary görkezijileri
gazanan ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary
hem-de işgärleri Türkmenistanyň medallary bilen sylaglanyldy. Olara harby we
ýörite atlaryň dakylyp, hünär derejeleriniň berilmegi bolsa ata Watany goraýan
gerçeklerimiziň sarpasyny has-da dabaralandyrdy.