milli goshun logo
Watan gerçekleri / Perizat Hojanazarowa
Watan gerçekleri / Perizat Hojanazarowa
16.01.2020 2214 Bäsleşik

Watan gerçekleri, eziz harbylar,

Taýyn Watan goragyna esgerler,

Enesin-atasyn, beýik halkyny,

Olar elmydama Watan galkany.

Harbylar jem bolup ýöräp barýarlar,

Mert ýigitler batly gadam urýarlar,

Güýjüne daýanyp öňe gidýärler,

Watan üçin janyn berjek gerçekler.

Kiçijik oglanjyk esgere garap,

Onuň hereketin ýene gaýtalap,

Ýüreginde höwes duýgusy dörär,

Onuň-da mert harby bolasy geler.

Mert esgerler Watanymyzy beýgeldýär,

Parahatlyk nyşanyny goraýar,

Gaýnap duran ýürekleri joşdurýar,

Şahyrlary bent ýazmaga çagyrýar.

«Milli goşun» gullugyny ösdürip,

Harbylara giň ýol açýar Arkadag.

Bellenip ýanwaryň 27-si,

Toýlaýarys bu şatlykly senäni.

Perizat Hojanazarowa,

Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň

17-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy.