28.05.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Watan gerçekleri / Didar Oraýew
Watan gerçekleri / Didar Oraýew
16.01.2020 272 Bäsleşik

Nusga alyp Ata-baba pederden,

Watanyň wepaly gerçekleri biz!

Arkadagym bilen türkmen edermen

Bitarap mekanyň gerçekleri biz!

Görogly deý öz iliniň penasy,

Ýurt üçin janyny berjekleri biz.

Türkmenistan dilleriniň senasy,

Kasama ygrarly gerçekleri biz.

Berkararlyk sütüni berk  gurulýar,

Daglar ýaly müdimidir mizemez.

Geljege umytly gadam urulýar,

Gadamlary batly gerçekleri biz.

Aýdyma öwrülýär Watan tarypy,

Paýhasdan ýazylýar döwrüň taryhy,

Öňe, diňe öňe belent serimiz,

Watanyň wepaly gerçekleri biz.

Didar Oraýew,

Aşgabat şäher raýat goranyşy we halas ediş

işleri müdirliginiň lukmany epidemiology, l/g leýtenanty.