Şu gün Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgünde
1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş mynasybetli
uruş weteranlaryna, uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna hormatly
Prezidentimiziň adyndan pul sowgadynyň hem-de gymmat bahaly sowgatlaryň
gowşurylyş dabarasy boldy.
Dabaranyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar bu ýerde
ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Onda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik
Watançylyk urşuna degişli gymmatlyklar, esger hatlarynyň nusgalary, şol döwre
degişli dürli serişdeler görkezilýär. Munuň özi häzirki döwürde ýurdumyzda
türkmen halkynyň taryhyň dowamynda görkezen edermenligine, merdana
pederlerimiziň Watan öňünde bitiren hyzmatlaryna aýratyn hormat goýulýandygynyň
aýdyň beýanydyr.
Dabara «Mert ogullar» atly aýdym hem-de Magtymguly adyndaky milli
sazly drama teatrynyň artistleriniň ýerine ýetirmeginde «Mert ýigitler gaýrat
üçin dogulýar» atly teatrlaşdyrylan edebi-sazly kompozisiýa bilen açyldy.
Olarda Watan gahrymanlarynyň edermenligi, halkymyzyň olara goýýan belent
sarpasy çeper wasp edildi. Çykyş edenler türkmen ýigitleriniň 1941 — 1945-nji
ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygyny
aýratyn nygtadylar.
Dabara gatnaşyjylar 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik
Watançylyk urşunda deňsiz-taýsyz edermenlik görkezen ata-babalarymyzyň
gahrymançylygyny, edermenligini we gazanylan Beýik Ýeňşiň taryhy ähmiýetini uly
joşgun bilen wasp etdiler. Ýaňlanan aýdymlar dabara gatnaşyjylaryň kalbynda
şöhratly pederlerimize bolan çäksiz buýsanç duýgusyny has-da artdyrdy. Şeýle
hem sungat ussatlary ýurdumyzyň ýeten belent sepgitlerini, jemgyýetimiziň
agzybirligini wasp edýän joşgunly aýdymlary ýerine ýetirdiler.
Umuman, bu çäre Beýik Watançylyk urşuna
gatnaşyjylaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygynyň, tylda
zähmet çeken ak saçly enelerimiziň nusgalyk edermenliginiň hormatlanylyp,
olaryň ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda
terbiýelemekde, halkymyzyň agzybirligini berkitmekde alyp barýan asylly
işlerine, ýurdumyzda düýpli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge goşýan
goşantlaryna aýratyn ähmiýet berilýändigini alamatlandyrdy.