Watan, seň waspyňy serimde aýlap,
Taryhyň gatyndan asyrlar boýlap,
Türkmenleň başyny bir ýere jemläp,
Baýdagymyz al-asmanda pasyrdap,
Äleme inen nur
günümden başlanýar.
Watan üçin dönmän şirin janyndan,
Taryha
ýaň salan serkerde
Seýdi.
Bize mekdep, nusga Watan oglundan,
Türkmenistan
Watanyň Berkarar indi.
Watan, dogduk depämizden başlanýar.
Kämil terbiýeden, daýhan deminden,
Ýazyň aladaňy, gyşyň gamyndan.
Jemgyýete goşjak damja goşantdan.
Soň aýdyljak
alkyşlardan başlanýar.
Watany eziz gören jandan başlanýar.
Watan biziň ejemizden başlanýar.
Mukaddes süýdünden, ata pendinden.
Ene hüwdüsinden, mähir gujakdan.
Baky alawlaýan halal ojakdan,
Agzybir maşgala
başdan başlanýar.
Alihan Seýilhanow,
Farap etrabynyň 2-nji orta mekdebiniň
7-nji synp okuwçysy.