Ýakynda dünýäniň millionlarça teletomaşaçysyny syýasy, ykdysady, medeni we beýleki ugurlarda bolup geçýän wakalar bilen dürli dillerde dessin tanyşdyrýan «Euronews» telekompaniýasynyň döredijilik topary ýurdumyzda saparda boldy we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu abraýly telekompaniýanyň habarçysy Loro Bakwelliniň sowallaryna jogap berdi.
Gahryman Arkadagymyz söhbetdeşlikde ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny, dünýä gün tertibiniň üns merkezinde durýan suw, energetika meseleleri, ählumumy hem sebit hyzmatdaşlygy barada Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi. Milli Liderimiziň iri telekompaniýanyň habarçysy bilen söhbetdeş bolmagy dünýä bileleşiginiň Türkmenistana bolan ägirt uly gyzyklanmalarynyň, ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň möhüm ähmiýete eýediginiň, döwletimiziň halkara abraýynyň barha belende galýandygynyň aýdyň güwäsidir.