milli goshun logo
Döwrebap kärhana işe girizildi
Döwrebap kärhana işe girizildi
1 gün öň 35 Habarlar

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň rowaçlyklara beslenýän günlerinde Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda bina edilen Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çuňňur mazmunly çykyş etdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, täze kärhana ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklary we ilatymyzy ýokary hilli gurluşyk önümleri bilen bökdençsiz üpjün eder. Kuwwatlylygy bir ýylda 3 million 300 müň inedördül metr keramiki-bezeg plitalaryny we 120 müň sany sanfaýans önümini öndürmäge niýetlenen kärhanada dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň kämil enjamlary ornaşdyryldy. Bu bolsa önümçiligiň ýokary derejede alnyp barylmagyna, täze innowasion tehnologiýalar esasynda dünýä standartlaryna doly laýyk gelýän ýokary hilli önümleri öndürmäge mümkinçilik berer. Kärhana birnäçe binadan we desgadan ybarat bolup, bu ýerde 460-a golaý işgäriň zähmet çekmegi üçin ähli önümçilik, durmuş şertleri döredilendir.