Watan – bu ynsan doglan mukaddes zemin, ol onuň
kalbynda ebedi galýar we hiç haçan unudylmaýar. Watan düşünjesi we oňa bolan
söýgi ene süýdi, ene gujagy, ene mähri
we ene hüwdüsi bilen ýürege ornaýar.
Watan diýlende,
biziň parahat ýaşaýşymyz, topragymyz üçin janyny
aýaman göreşen geçmişdäki ata-babalarymyz, dünýä ýaň salan belent
şahsyýetlerimiziň gahrymançylykly ýollarynyň mekany göz öňüňe gelýär.
Damarynda türkmen gany aýlanýan ynsan üçin
göbek ganynyň daman ýeri ykbal örküjidir, mähriban Arkadagymyzyň «Geçmişiň bardyr,
hemem geljegiň. Watan türkmeniň hany manydyr, genji-känidir. Watan
diýlen ol belentlige bolan söýgiň seniň diriligiňden, buýsançly seriňden,
janu-jigeriňden güýç alýandyr. Ol seniň göwräňe şirin jan bilen ornan
iň päkize, iň ajaýyp duýgularyň synmaz sütünidir. Ömri şu berklige daýanýan her bir türkmen beýikdir.
Türkmen beýikliginiň jemi bolsa, mukaddes Watanymyzy beýgeldýär»
diýen pähimli sözleri her birimiziň
ruhy dünýämize borç bolup siňýär. Her bir ynsan ömrüniň dowamynda «Watan
maňa näme berdi» diýip däl-de, «Men Watana näme berdim» diýip ýaşamaly.
Watany kalpdan duýmak üçin
halkyň watanperwerlik duýgularyny bilmek gerek, ony ezizläp, gadryna ýetip, berkitmek gerek. Şular ýaly gözel duýgular,
şular ýaly ynsanlyk häsiýetler häzirki wagtda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň baky
binýady bolup, hakyky asuda ýaşaýşyň manyly durmuşynyň beýany bolýar.
Türkmen halkynyň Watanperwerligi — bu täze
özgerişler ýoluny görkezýän, eden maksadyna özüniň halal zähmeti netijesinde
ýetýän, ynamly milletiň häsiýetidir. Öz milletine, ýurduna buýsanýan halk ähli babatda durmuş ýolunda gerekli ynsan
bolup, Watan ogly we Watan gyzy adyna
eýedirler. Mynasyp ogul-gyzly Watan bolsa hemişe şan-şöhrata baýdyr, geljegi
ýagtydyr, ýeňişli we üstünlikli, abraýly günleriniň dowamaty dowamdyr.
Şaperi Otuzowa,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby.