Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary
Antoniu Guterrişe BMG-niň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň
gowy arzuwlaryny iberdi.
Hormatly
Prezidentimiz gutlag hatynda Birleşen Milletler Guramasy we onuň
ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň
daşary syýasatynyň strategik ugurlarynyň biridigini belläp, ýurdumyzyň sebitde
we dünýäde parahatçylygy hem-de ösüşi üpjün etmek üçin BMG bilen hyzmatdaşlygy
mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.
Hormatly
Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Antoniu Guterrişe tüýs ýürekden berk
jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, BMG-niň Sekretariatynyň ähli
işgärlerine bolsa täze üstünlikler baradaky arzuwlaryny beýan etdi.