Şu
gün S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Türkmen
alabaýynyň we tazysynyň ýetişdirilmegi: taryhy, medeniýeti we sungaty» atly VI
halkara ylmy maslahat geçirildi. Diýarymyzda giňden bellenilýän Türkmen
alabaýynyň baýramy mynasybetli guralan maslahata ýurdumyzyň ussat itşynaslary,
kinologlary, hünärmenler, uniwersitetiň professor-mugallymlary, kinologiýa
hünärinde okap bilim alýan talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Halkara
ylmy maslahata gatnaşyjylar, ilki bilen, uniwersitetiň medeniýet merkezinde
guralan, halkymyzyň milli buýsanjy bolan türkmen alabaýyna we tazysyna goýulýan
sarpanyň belentdigini görkezýän milli gymmatlyklarymyzyň, sungat eserleriniň
hem-de kitaplaryň sergisini synladylar. Sergide alabaýlary ösdürip
ýetişdirmegiň we kinologiýanyň dürli meselelerine bagyşlanan okuw kitaplary,
şol sanda weterinariýa boýunça edebiýatlar, alabaýlary wasp edýän şekillendiriş
sungatynyň eserleri görkezildi. Bu ýerde aýdym-sazly çykyşlar hem ýerine
ýetirildi.
Maslahatda
çykyş edenler asyrlaryň dowamynda türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilen
alabaýlaryň häzirki wagtda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli üns-aladalary netijesinde umumadamzat mirasyna
öwrülendigini bellediler. Alabaýlar tutuş dünýäde meşhurlyk gazanyp, iň gadymy
hem-de naýbaşy tohumlaryň biri hasaplanýar. Alabaýlar hem, ahalteke
bedewleridir nepis halylar ýaly, halkymyzyň buýsanjy we şöhratydyr, milli
gymmatlygydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary we hormatly Prezidentimiziň
taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda türkmen alabaýlarynyň dünýädäki
şan-şöhratyny has-da belende götermek, olary gorap saklamak we köpeltmek, bu
ugurda geçirilýän işleri halkara derejede wagyz etmek boýunça giň möçberli çäreler
amala aşyrylýar. Alabaýlaryň taryhy gelip çykyşyny, häzirki günlere gelip
ýetişini, aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmek üçin ähli zerur şertler döredilýär.
Gahryman
Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda halkymyzyň durmuşynda we
ykbalynda alabaýlaryň eýeleýän möhüm orny barada giňişleýin gürrüň berilýär.
Çykyş edenler bu eseriň ynsanperwer ähmiýetini belläp, onuň baý mazmunynda
arheologiýa we etnografiýa babatda ylmy-gözleg maglumatlarynyň
getirilýändigini, meşhur türkmen seçgiçileri tarapyndan ösdürilip ýetişdirilen
tohumyň aýratynlyklary barada gyzykly maglumatlaryň beýan edilýändigini, onuň
kinologlar bilen birlikde, giň okyjylar köpçüligi üçin hem aýratyn
gymmatlydygyny nygtadylar.
Halkara
ylmy maslahatda alabaýlaryň tohum arassalygyny gorap saklamak, dünýäde giňden
wagyz etmek, welaýatlarymyzda we paýtagtymyzda gurlan merkezlerde türkmen
alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek hem-de köpeltmek, tohumçylyk-seçgiçilik
işlerini alyp barmak boýunça durmuşa geçirilýän işleriň ähmiýetine üns çekildi.
Alabaýlaryň özboluşly aýratynlyklaryny, gylyk-häsiýetini, wepadarlygyny dünýä
ýaýmak möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, bu ugra ýöriteleşen daşary ýurtly
hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak we dowam etdirmek
hem ileri tutulýan wezipe bolup durýar.
Çykyş
edenler türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny artdyrmakda soňky ýyllarda bolup
geçen wakalaryň ähmiýetini bellediler. Alabaý itlerini goramagyň hukuk esaslary
kämilleşdirilip, «Itçilik we kinologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul
edildi. Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri geçen ýyl
ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
«Türkmenistanyň at gazanan itşynasy», «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen
hormatly atlar döredilip, bu ugurda iş alyp barýan kinologlaryň we ussat
itşynaslaryň zähmeti döwlet derejesinde sarpalanýar.
Döredijilik
eserlerinde, amaly-haşam, şekillendiriş sungatynda türkmen alabaýynyň çeper
keşbi hakynda aýdylanlar, beýan edilen gymmatly taryhy maglumatlar hem örän
täsirli boldy. Şeýle-de türkmen alabaýynyň we tazysynyň halk seçgiçiliginiň
hem-de tebigatyň ajaýyp miwesidigini, onuň dowardarçylykdaky ähmiýetini açyp
görkezýän maglumatlar beýan edildi.
«Türkmen
alabaýynyň we tazysynyň ýetişdirilmegi: taryhy, medeniýeti we sungaty» atly VI
halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek we
köpeltmek, olaryň dünýädäki şan-şöhratyny has-da artdyrmak boýunça döredip
berýän döwrebap şertleri üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza
tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.