2018–nji ýylyň 12–15-nji noýabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde bu ýurduň Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al-Nahaýýanyň howandarlygynda “ADIPEС–2018” atly 21-nji halkara nebit-gaz sergisi we maslahaty geçirildi.
“ADIPEС–2018” – energiýa çeşmeleriniň gelejegini ara alyp maslahatlaşmak we özara tejribeleri alyşmaklyk maksady bilen ýokary derejeli resmi adamlary, nebitgaz senagatynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny we bilermenleri bir ýere jemleýän dünýäniň iň uly we möhüm forumlarynyň biri bolup durýar.
“ADIPEС–2018”-iň umumy meýdançasy 155 000 m2 bolup, bu ýerde 29 sany döwletiň, 40 sany milli we halkara derejesindäki kompaniýalarynyň, şeýle hem 2200 sany hususy kompaniýalarynyň sergi pawilýonlary gurnaldy. Çärä takmynan 110 000-den gowrak adam gatnaşdy.
Türkmenistanyň wekiliýeti serginiň çäklerinde geçirilen maslahatlara işjeň gatnaşdy hem-de ýurdumuzyň nebit-gaz senagatynyň ösüşi, alnyp barylýan taslamalar hem-de bu pudaga daşary ýurt maýalaryny çekmekligiň mümkünçilikleri, olaryň goraglygyny üpjün edýän Türkmenistanyň kanunçylyk binýatlary barada çykyşlar etdi.
Şeýle hem “ADIPEС–2018” sergi–maslahatynda Türkmenistanyň nebitgaz senagatynda gazanylýan üstünliklere, gurluşygy dowam edýän “Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan” gaz geçirijisi taslamasyna, şol sanda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça syýsatynyň çäklerinde gurlup ulanmaga berlen nebit-himiýa toplumlaryna bagyşlanan sergi pawiliýony gurnaldy.