Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk
edýän Şweýsariýa Konfederasiýasynyň wise-prezidenti, Daşary işler
federal departamentiniň başlygy Inýasio Kassisi kabul etdi.
Şweýsariýa Konfederasiýasynyň
wise-prezidenti, daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy bildirilen
myhmansöýerlik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny
beýan edip, ÝHHG-niň dünýäde parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün
etmäge gönükdirilen syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen
netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini
aýtdy hem-de ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça
başlangyçlaryna ýokary baha berdi. Şeýle hem myhman Aşgabat şäheriniň,
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň gözel binagärlik keşbiniň
özünde ýakymly täsir galdyrandygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli
sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzda bu sapara Türkmenistan
bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hem-de Şweýsariýa
Konfederasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde möhüm
tapgyr hökmünde garalýandygyny belledi.
Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy
ýaly, Türkmenistan sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnukly
ösüşi üpjün etmek üçin halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ugrunda
çykyş edýär. Şunda ýurdumyz ÝHHG-niň çäklerinde tagallalary utgaşdyrmaga
aýratyn ähmiýet berýär. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda ýurdumyz
bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky
gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini belläp, her ýyl Türkmenistanyň
Hökümeti bilen bu guramanyň Aşgabatdaky merkeziniň bilelikde
taýýarlaýan hyzmatdaşlyk maksatnamalarynyň esasynda işleriň yzygiderli
alnyp barylýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda
adam hukuklaryny, demokratik ýörelgeleri üpjün etmäge döwlet derejesinde
möhüm ähmiýet berilýändigini nygtap, bu ugurda degişli işleri dowam
etdirmek we halkara tejribäni öwrenmek maksady bilen, ýurdumyzyň
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy
ilerletmegi maksadalaýyk hasaplaýandygyny aýtdy.
«Biziň energiýa serişdeleriniň
dünýä bazarlaryna howpsuz we ygtybarly iberilmegini üpjün etmek,
durnukly ykdysady ösüş üçin şertleri döretmek, ulag mümkinçiliklerimizi
doly ulanmak, daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak
ýaly ugurlarda hem hyzmatdaşlygy ösdürmäge oňyn şertlerimiz bar»
diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de Türkmenistanyň geljekde-de
dünýäde parahatçylygy, ösüşi üpjün etmek ugrunda ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy
giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.
Hormatly Prezidentimiz häzirki
wagtda Türkmenistan bilen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň arasynda
netijeli gatnaşyklaryň alnyp barylýandygyna ünsi çekip, ýurdumyzyň
syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge gyzyklanma
bildirýändigini, bu babatda şweýsar tarapynyň anyk tekliplerine
seretmäge taýýardygyny aýtdy hem-de mümkinçilikden peýdalanyp,
ýakynda bellenip geçilen Şweýsariýanyň Milli güni mynasybetli Inýasio
Kassisi we ýurduň ähli halkyny ýene-de bir gezek gutlady.
Myhman gutlaglar üçin tüýs ýürekden
hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň
dünýä nusgalykdygyny belledi hem-de Şweýsariýanyň özara hyzmatdaşlygy
mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini tassyklady.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk
Guramasyna başlyklyk edýän Şweýsariýa Konfederasiýasynyň wise-prezidenti,
Daşary işler federal departamentiniň başlygy Inýasio Kassis ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip,
birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.