milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy
14 sagat öň 13 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiti bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Ýaponiýa bilen köpugurly, uzak möhletleýin gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. Bu gatnaşyklar özara hormat goýmaga, ynanyşmaga, açyklyga esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň hyzmatdaşlygyň häzirki ýeten derejesine ýokary baha berýändigini we türkmen-ýapon dialogyny ileri tutulýan ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny aýtdy.

Söwda-ykdysady ugur türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegidir. Tebigy gaz, energetika we ulag ulgamynda durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalar munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Ýaponiýa şu gezekki iş saparynyň dowamynda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz öňdebaryjy ýapon kompaniýalary bilen bilelikdäki işiň toplanan oňyn tejribesine esaslanyp, ýurdumyzyň bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändigini aýtdy.

Medeni-ynsanperwer ugur hem türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup çykyş edýär. Şunda ylym-bilim, sport ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga, medeni alyşmalara aýratyn üns berilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk netijeli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler bu ugurdaky gatnaşyklary uzak möhletleýin esasda mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň zerurdygyny bellediler.

Premýer-ministr Sanae Takaiti Ýaponiýanyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna ýokary baha berýändigini we ýurdumyza Merkezi Aziýada durnuklylygy, abadançylygy üpjün etmekde möhüm orun eýeleýän ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny aýtdy we pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilelikdäki tagallalaryň netijesinde Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaitiniň arasynda geçirilen ýokary derejeli duşuşygyň netijesi boýunça bilelikdäki Metbugat Beýanaty kabul edildi.