Türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan
ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, ata-babalarymyzdan miras galan
milli däp-dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek, sahawatlylyk, hoşniýetlilik,
ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerimizden ugur alyp, Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe merdana, ruhubelent halkymyzyň agzybirligini we
jebisligini has-da berkitmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet
kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:
1. Türkmen halkynyň milli baýramy bolan Gurban
baýramyny 2026-njy ýylyň 27-28-29-njy maýynda bellemeli.
2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň
görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 22-nji maýy.