Şu gün Aşgabat atçylyk sport toplumynda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli
baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Onuň çäklerinde «Ýylyň iň owadan
ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň we döredijilik işgärleriniň
arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.
Baýramçylyk çäreleriniň öňüsyrasynda Aşgabat
atçylyk sport toplumynyň öňünde türkmen halkynyň atşynaslyk sungatynda uly yz
galdyran, halkara gözellik bäsleşikleriniň birnäçe gezek ýeňijisi bolan meşhur
ahalteke bedewi Pyýadanyň heýkeliniň açylyş dabarasy boldy.
Dabara gatnaşyjylaryň çykyşlarynda hormatly
Prezidentimiziň tagallalary esasynda ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek,
ahalteke atlarynyň arassa ganlylygyny saklamak, dünýädäki şöhratyny has-da
artdyrmak ugrunda alnyp barylýan işler öz beýanyny tapdy. Bellenilişi ýaly,
wepadarlygy, owadanlygy, ýyndamlygy, çydamlylygy bilen halkymyzyň göz guwanjy,
ýakyn syrdaşy bolan behişdi bedewler häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap
Watanymyzyň okgunly ösüşiniň nyşanyna öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda,
ýurdumyzda ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny artdyrmak, ata-babalarymyzdan miras
galan milli seýisçilik sungatyny has-da kämilleşdirmek, dünýä derejesinde uly
ýeňişleri gazanyp, halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen bedewleriň atlaryny
ebedileşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz ýolugra Arkadag we Aşgabat
şäherleriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň sergi diwarlyklaryny synlady. Olarda
suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň ahalteke bedewleriniň
keşbini çeper beýan edýän işleri, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň
eserleri, at esbaplary, fotosuratlar ýerleşdirilipdir.
Soňra ahalteke bedewleriniň arasynda «Ýylyň iň
owadan ahalteke bedewi» adyny almak ugrunda geçirilen halkara gözellik
bäsleşiginiň ýeňijisi yglan edildi. «2026-njy ýylyň iň owadan ahalteke bedewi»
diýen ada Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli,
2018-nji ýylda doglan, Hanbegler we Okgyz diýen bedewleriň nesli bolan, meşhur
Gaplaňyň ugruna degişli Hankerwen diýen mele at mynasyp boldy.
Ýeňiji bolan bedewiň seýsi gymmat bahaly baýrak,
atçylyk pudagyny ösdürmäge berýän ägirt uly ünsi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs
ýürekden hoşallyk bildirdi. Ol türkmen atşynaslarynyň geljekde-de bu ugurdaky
işleri mynasyp dowam etdirjekdiklerine ynandyryp, hormatly Prezidentimize berk
jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinde uly üstünlikleri
arzuw etdi.