Eziz watandaşlar!
2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly
tamamlanyp barýar. Ýene az salymdan täze — 2026-njy ýyly garşylarys.
2026-njy ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça ýylky, ýagny
bedew ýyly. Türkmen halky öz arzuwlaryny, belent maksatlaryny ahalteke
bedewleri bilen baglanyşdyrýar. Ahalteke bedewi biziň buýsanjymyzdyr,
şöhratymyzdyr.
2025-nji ýyl Garaşsyz Watanymyzyň täze taryhynda
halkymyzyň durmuşyny üstünliklere beslän ýyllaryň biri boldy. Bu ýyl türkmen
halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlary, taryhy
başlangyçlary has-da rowaçlandy. Ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň
ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar
üstünlikli durmuşa geçirildi.
Berkarar döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek
maksady bilen, täze etraplar döredildi. Diýarymyzyň ähli ýerlerinde döwrebap
mekdepler, çagalar baglary, saglygy goraýyş, sport desgalary, medeniýet edaralary,
önümçilik binalary, başga-da köp sanly desgalar ulanmaga berildi. Bagtyýar
maşgalalaryň müňlerçesi täze jaýly bolmak bagtyna eýe boldy.
Ýangyç-energetika toplumyna degişli iri taslamalar
durmuşa geçirildi. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň
nebit we nebit önümleri guýulýan gämi duralgasy işe girizildi. Gahryman
Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan
gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat —
Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat welaýatyna barýan böleginiň
gurluşygyna badalga berildi.
Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda Bäherden keramiki
önümler kärhanasy, paýtagtymyzda çüýşe önümlerini öndürýän kärhana, Balkan
welaýatynyň Esenguly etrabynda agyz suw arassalaýjy desga, Garabogazköl
aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsi ulanmaga berildi. Lebap welaýatynyň
Türkmenabat şäherindäki himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň,
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň gurluşygyna
badalga berildi. Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň
gurluşygyna hem girişildi. Şeýle hem Aşgabat şäherinde «Güneşli» çagalar we
ýetginjekler merkeziniň gurluşygyna badalga berildi.
Şu ýyl ýurdumyzyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda
Döwletli mekan, Kaka etrabynda Bagtly zamana atly täze, döwrebap obalar açylyp
ulanmaga berildi. Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda häzirki zaman
Bitaraplyk şäherçesi dabaraly ýagdaýda açyldy. Arkadag şäheriniň ikinji
tapgyrynyň gurluşygy dowam etdirildi. Ýurdumyzda döwrebap obalaryň, häzirki
zaman ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy hem dowam edýär. Bularyň ählisi «Watan diňe
halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarymyzyň
üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.
Eziz watandaşlar!
Oba hojalyk pudagynda geçirýän özgertmelerimiz hem
rowaçlyklara beslenýär. Edermen daýhanlarymyz Watan harmanyna 1 million 400 müň
tonnadan gowrak ýokary hilli bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamany
üstünlikli ýerine ýetirdiler. Ýygnalan bol galla hasyly mähriban halkymyzyň,
berkarar Watanymyzyň baýlygydyr, saçaklarymyzyň rysgal-berekedidir. Geljekde
hem oba zähmetkeşlerini ykdysady taýdan höweslendirmek, pudagyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça netijeli çäreleri durmuşa
geçireris.
Ýurdumyzyň nebitgaz, ulag-aragatnaşyk we söwda
toplumlarynda hem köp işler amala aşyrylýar. Bu toplumlar berkarar döwletimiziň
gazanýan ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar.
Eziz watandaşlar!
Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp
barýan döwlet syýasatymyzyň möhüm ugry bolup durýar. Tamamlanyp barýan ýylda
Aşgabat şäherinde köpugurly hassahananyň, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde
köpugurly hassahananyň, şeýle hem Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde Enäniň
we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň gurluşygyna badalga berildi. Ynsan
saglygyny goramak boýunça alyp barýan işlerimizi geljekde hem dowam etdireris.
Ylym we bilim ulgamlarynda hem netijeli özgertmeler
durmuşa geçirildi. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň döwrebap okuw
binalar toplumy, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň binalar
toplumy we başga-da köp sanly bilim maksatly desgalar açylyp ulanmaga berildi.
Ýaş nesillerimizi sport bilen meşgullanmaga giňden
çekmek, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek ugrunda hem
uly işleri alyp barýarys. Şu ýyl «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary
Monte-Karlo halkara festiwalynda baş baýraga mynasyp boldy. «Arkadag» futbol
topary hem halkara ýaryşda ýeňiş gazanyp, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny
has-da artdyrdy. Türgenlerimiz dünýä derejesindäki ýaryşlarda üstünlikli çykyş
edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Biz geljekde hem ýurdumyzda sporty
ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam etdireris.
Hormatly adamlar!
Biz milli medeniýetimizi ösdürmek, mirasymyzy gorap
saklamak, wagyz etmek boýunça hem giň gerimli işleri alyp barýarys. Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Aşgabat şäheri ÝUNESKO-nyň öwreniji
şäherleriniň bütindünýä toruna girizildi. Şeýle hem türkmen alabaý itlerini
ösdürip ýetişdirmek däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň
sanawyna girizildi. Geçip barýan ýylda halkara derejede dürli medeni çäreler,
Medeniýet günleri yzygiderli geçirildi. Geljek ýyl Medeniýet hepdeligini Balkan
welaýatynda ýokary derejede geçireris.
Eziz watandaşlar!
Şu ýyl ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy»
atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi Bitaraplyk syýasatymyzyň
mynasyp dowam etdirilýändigini ýene-de bir gezek görkezdi.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de ýurdumyzyň
hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara derejede köp sanly
çäreler geçirildi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler
Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji
maslahaty ýokary derejede geçirildi. Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň
Baş Assambleýasy tarapyndan «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnama biragyzdan
kabul edildi. Şeýle hem ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Birleşen Milletler Guramasynyň
Durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026 — 2035-nji ýyllar)» hem-de «Durnukly
ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny»
atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Häzirki
zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda
halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahat hem möhüm ähmiýete eýe
boldy. Halkara maslahatyň jemi boýunça jemleýji resminama kabul edildi. Halkara
Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilen halkara forum şanly ýylyň iň esasy
wakasyna öwrüldi. Ýokary derejede geçirilen halkara forum boýunça Aşgabat Jarnamasy
kabul edildi. Bu forum parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde ýurdumyzyň abraýyny
has-da belende göterdi.
Hormatly adamlar!
Ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen,
biz ýetip gelen 2026-njy ýyla «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew
batly at-myradyň mekany» ýyly diýip at berdik. Hoşniýetli arzuw-umytlar bilen
garşy alýan täze ýylymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny belläp
geçeris. Watanymyzy bagtyýarlygyň we rowaçlygyň mekanyna öwürmek ugrunda yhlas
bilen zähmet çekeris.
Eziz watandaşlar!
Ýene az salymdan täze — 2026-njy ýyly garşy alarys. Şu
pursatda siziň ähliňize berk jan saglygyny we täze üstünlikleri arzuw edýärin.
Täze ýyl abadançylygyň, rysgal-berekediň ýyly bolsun!
Maşgala ojaklaryňyza agzybirlik, döwletlilik ýar bolsun!
Täze ýyl rowaçlyk, bagt getirsin!
Täze ýyl bedew bady bilen ähliňizi maksat-myrada
ýetirsin!
Täze — 2026-njy ýylyňyz gutly bolsun!