Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de
welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny
geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan
işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen, ýurdumyzyň welaýatlarynyň
häkimlerine söz
berildi. Olar welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba
hojalyk işleri barada hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda
bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, ösüş
suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Galla kabul ediş kärhanalaryny,
elewatorlary, kombaýnlary we beýleki tehnikalary galla oragy möwsümine
taýýarlamak babatda zerur işler ýerine ýetirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda
gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek,
otag etmek işleri geçirilýär. Pile möwsüminiň çäklerinde ýüpekçi kärendeçiler
tarapyndan ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkimler
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu
ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş,
önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.
Döwlet
Baştutanymyz hasabatlary diňläp, gowaça we bugdaýa ideg işleriniň talabalaýyk
geçirilmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda belledi hem-de häkimlere
degişli tabşyryklary berdi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz
welaýatlarda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba
hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Soňra
döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba
hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we gowaça ekişini agrotehniki
möhletlerde tamamlamagyň, bugdaýa ideg işleriniň ylmy taýdan esaslandyrylan
kadalara laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň, galla oragyna guramaçylykly
taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady hem-de bu babatda degişli tabşyryklary
berdi.