12-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna
gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň
gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk
toplumynda alnyp barylýan işleriň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine, Türkmenistanyň mukaddes
Garaşsyzlygynyň şanly 31 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görlüşine,
sebitlerdäki möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişine degişli meselelere
garaldy.
Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk işlerini degişli
derejede guramak, agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmek, pagta ýygymynyň
hem-de güýzlük bugdaý ekişiniň depginini gowşatman alyp barmagy üpjün etmek
bilen bagly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Mundan
başga-da güýzlük ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylyny
almak üçin, olara ideg edilişi hemişe üns merkezinde bolmalydyr.
Döwlet Baştutanymyz öňde jogapkärli wezipeleriň
durýandygyny aýdyp, Bitarap Watanymyzyň ýyl ýazgysyndaky şöhratly senä —
mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramçylygyna ünsi çekdi.