milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
14.11.2018 660 Habarlar

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowy kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň milli Liderimize aýdan mähirli sözlerini, türkmen halkyna iberen parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Özbegistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2018-nji ýylyň aprel aýynda Özbegistana bolan döwlet sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde täze möhüm sahypany açdy hem-de ol özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge we artdyrmaga gulluk eder.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistany gadymy döwürlerden bäri hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary bilen baglaşdyrýan dostlukly ýurduň ýolbaşçy düzümine we doganlyk halkyna mähirli sözlerini aýtdy. Milli Liderimiz netijeli türkmen-özbek gatnaşyklarynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, tutuş sebitiň bähbidine kybap gelýän işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajypdygyny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda ykdysady ulgamdaky däp bolan hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähmiýetli ugrudyr. Bu ugurda anyk netijeler gazanyldy. Şeýle hem ulag-aragatnaşyk ulgamy döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Şunlukda, taraplaryň edýän tagallasy köp şahaly ulag-üstaşyr we logistik düzümini döretmekde möhüm şerti emele getirýär.

Özbegistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy işjeň hyzmatdaşlygyň şunuň ýaly ýokary derejesiniň iki döwletiň Baştutanlarynyň arasyndaky birek-birege ynanyşmak we dostlukly gatnaşyklarynyň netijesidigini nygtady. Netijeli medeni-ynsanperwer gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup durýar, iki ýurduň Liderleriniň gatnaşmagynda Ürgenç şäherinde dabaraly ýagdaýda açylan Türkmen-özbek dostluk öýi bu gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda möhüm orun eýelär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz hem-de Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri iki döwletiň arasynda uzakmöhletleýin we pugta dostluk gatnaşyklary esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň doganlyk halklaryň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.