Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Russiýa
Federasiýasynyň Gahrymany, “Ý.A.Gagarin adyndaky kosmonawtlary taýýarlaýyş
ylmy-barlag synag merkezi” federal döwlet býujet edarasynyň başlygy,
kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko doglan güni mynasybetli tüýs
ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet
Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Oleg Kononenko tüýs ýürekden berk jan
saglyk, uzak ömür, bagtyýarlyk, maşgala abadançylygyny, şeýle hem älem
giňişligini özleşdirmekde alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.