Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de
welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň
oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly
meselelere garaldy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi.
Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen
meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Gowaça
ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde sürüm, tekizleýiş, topragy mineral
dökünler bilen gurplandyrmak işleri dowam etdirilýär. Daýhanlary ýokary hilli
tohumlar bilen üpjün etmek üçin gowaça tohumyny taýýarlamak, ekişde ulanyljak
oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak, talabalaýyk saklamak babatda zerur çäreler
görülýär. Şeýle hem häkim welaýatyň çägindäki medeni-durmuş maksatly binalaryň
ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we
agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler, şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk
işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda
dowam edýän möwsümleýin işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine
ýetirilmeginiň, ýazky ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görmegiň möhüm
ähmiýetini belledi we bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de
döwlet Baştutanymyz welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli,
öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatyň
ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabat
berdi.
Nygtalyşy ýaly, şu günler sebitiň bugdaý ekilen
meýdanlarynda degişli ideg işleri, hususan-da, mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm we
tekizleýiş, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak tehnikalary, pagta öndürijiler üçin
gowaça tohumyny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Şeýle-de häkim welaýatyň
çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, jemgyýetçilik binalarynyň ýyladyş ulgamlaryny
kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen üpjün
etmek boýunça görülýän çäreler, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyklaryň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, agrotehnikanyň
kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň durnukly ösýän oba hojalygynyň binýady
bolup durýandygyny belledi we häkime welaýatda oba hojalyk işleriniň
talabalaýyk alnyp barylmagyny yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şunuň
bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň
üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyna ünsi çekip, bu
babatda degişli görkezmeleri berdi.
Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, şu ýylyň hasyly üçin gowaça
ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, mineral
dökünler bilen gurplandyrmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Ýokary hilli
gowaça tohumyny, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary
möwsüme taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, gyş
paslynyň dowam edýän günlerinde welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň,
medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty
elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek
boýunça görülýän çäreler, şu ýyl sebitde açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy hakynda hasabat
berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk
önümçiliginiň ähli tapgyrlarynda toplumlaýyn çemeleşmäniň üpjün edilmeginiň ekinlerden
bol hasyl almaga ýardam berýändigini belledi we häzirki wagtda welaýatda dowam
edýän agrotehniki çäreleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň öz
wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak barada-da tabşyryklary
berdi.
Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew sebitde dowam edýän
möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk
pudagyny yzygiderli ösdürmek, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak babatda
öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleri
dowam edýär. Bu işleriň çäklerinde bugdaý ekilen meýdanlarda degişli ideg
işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Gowaça ekiljek
meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak, topragy mineral
dökünler bilen gurplandyrmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýazky ekiş möwsüminde we
ideg işlerinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak ugrunda degişli
çäreler görülýär. Şeýle-de häkim gyş paslynyň dowam edýän günlerinde welaýatyň
çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, edara-kärhanalaryň, medeni-durmuş maksatly
binalaryň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek, ilaty elektrik energiýasy,
tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler,
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», Oba milli maksatnamasyna
laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän
desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, agrotehniki
çäreleriň talabalaýyk geçirilmeginiň ekinlerden ýokary hasyl almak bilen bir
hatarda, ýer-suw serişdelerinden hem netijeli peýdalanmaga mümkinçilik
berýändigini belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi. Mundan başga-da,
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda,
welaýatda ýerine ýetirilýän işleri gözegçilikde saklamak babatda degişli
görkezmeler berildi.
Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, sebitde bugdaýyň bol hasylyny ösdürip
ýetişdirmek üçin ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda
mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp
barylýar. Gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleri ýerine
ýetirilýär. Pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek,
ýazky oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary möwsüme doly taýýar etmek
boýunça zerur işler alnyp barylýar. Welaýatda ösdürilip ýetişdirilen gant şugundyrynyň
hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, ony gaýtadan işlemek babatda zerur çäreler
görülýär. Mundan başga-da, häkim welaýatdaky ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň,
çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik
energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça alnyp
barylýan işler, Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde
welaýatda dowam edýän gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda
oba hojalygynda dowam edýän jogapkärli möwsümiň agrotehniki möhletlerde
geçirilmeginiň zerurdygyny aýtdy we welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp
barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz
Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen
işleriň talabalaýyk, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmek barada
tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýew “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň
mekany” diýlip yglan edilen täze ýylda ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, mineral dökünler
bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Şunda oba hojalyk tehnikalarynyň
netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň
çäklerinde sürüm, tekizleýiş, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak
işleri dowam edýär. Ekiş möwsüminde pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça
tohumy bilen üpjün etmek üçin ähli zerur işler alnyp barylýar. Ýazky ekişde
ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak we talabalaýyk saklamak
boýunça hem zerur çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk
bolçulygyny üpjün edýän oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki
strategik ornuna ünsi çekdi we wise-premýere pudagy mundan beýläk-de döwrüň
talabyna laýyklykda ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi
tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara
ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de
welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg işlerini talabalaýyk geçirmegiň, gowaça
ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işlerini agrotehniki kadalara laýyk ýerine
ýetirmegiň, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumlary bilen ýeterlik
möçberde üpjün etmegiň, ýaz ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny
möwsüme talabalaýyk taýýarlamagyň möhümdigini belledi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz welaýatlarda pagta we
bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda 2024-2025-nji
ýyllaryň pagta, 2025-2026-njy ýyllaryň bugdaý hasyly üçin ýerine ýetirilen
işler boýunça hasaplaşyklaryň geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy, Mary
welaýatynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny öz wagtynda ýygnap almak
boýunça zerur çäreleri görmegi, welaýatlarda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň,
çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işleýşini hem-de ilatyň elektrik
energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen üpjünçiligini aýratyn gözegçilikde
saklamagy, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän
medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşyna berk
gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş
maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny,
alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.