12-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi.
Duşuşygyň barşynda işewür milli Liderimize baglaşylan şertnamalary ýerine ýetirmegiň çäklerinde alnyp barlan işler, şol sanda «ARETI» kompaniýasyna ynanylan taslamalaryň birnäçesiniň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Ol kompaniýanyň gatnaşyklaryň çägini giňeltmäge taýýardygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Hazaryň türkmen bölegindäki ýataklary işläp geçmek boýunça täze teklipleri hödürledi.
Halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bu taslama gyzyklanmanyň, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň ägirt uly kuwwaty hem-de bu ýerde döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy, degişli hukuk binýady bilen özüne çekijidigini aýtdy. Bularyň ählisi bolsa nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmäge, täze düzümleýin desgalary gurmaga iri serişdeleri netijeli gönükdirmäge mümkinçilik berýär.
Döwlet Baştutanymyz holdingiň özara bähbitli işewür gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine oňyn çemeleşmesini belläp, islendik taslamany durmuşa geçirmekde iň täze tehnologik çözgütleri we öňdebaryjy ylmy işläp taýýarlamalary ulanmagyň hem-de ekologik howpsuzlygyň kadalaryny berk berjaý etmegiň potratçy kompaniýalara bildirilýän esasy talapdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz işewüre bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.