13-nji sentýabrda hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin
mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň
sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşyna
baha berildi, hökümetiň hem-de aýry-aýry ministrlikleriň işiniň netijelerine
garaldy.
Mejlise Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri,
ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň
ýolbaşçylary we beýlekiler gatnaşdylar. Milli Liderimiz häzir oba hojalygynda
gyzgalaňly döwrüň - bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň başlanandygyny göz
öňünde tutup, Ministrler Kabinetiniň şu mejlisine etraplaryň häkimleriniň
çagyrylmandygyny aýtdy.