milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
26.10.2026 13 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellene hem-de ýurduň ähli halkyna Awstriýa Respublikasynyň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Aleksandr Wan der Bellene tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Awstriýa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.