Welaýatlarda täze döredilen etraplarda halk
maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň
möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň we welaýat, etrap, şäher
halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine
saýlawlary bellemek hakynda
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we
87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:
Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz
welaýatynyň Garaşsyzlyk, Gubadag etraplarynyň, Lebap welaýatynyň
Döwletli, Farap, Garabekewül etraplarynyň, Mary welaýatynyň
Oguzhan etrabynyň halk maslahatlarynyň agzalarynyň, Lebap welaýatynyň
74-nji «Amyderýa», 79-njy «Darganata», Mary welaýatynyň 104-nji «Peşanaly»
we 106-njy «Wekil» saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň
deputatlarynyň möhletinden öň çykyp gidendikleri bilen baglylykda,
şol saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň
we welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň çykyp
giden agzalarynyň ýerine saýlawlary 2026-njy ýylyň 29-njy martyna,
ýekşenbe gününe bellemeli.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwary.