07.08.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutyna 2019-2020-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň TERTIBI
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutyna 2019-2020-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň TERTIBI
01.02.2019 1820 Okuw Ýyly

Harby-deňiz institutynda okamaga isleg bildiren, umumy orta bilimli, aşakda görkezilen ýaş derejelerine gabat gelýän Türkmenistanyň raýatlary, giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda okuwa kabul edilýär:

- orta bilimli, çagyryş boýunça harby gullugy geçen, harby gulluga meýletin girmäge isleg bildiren, ýaşy 24-den geçmedik erkek raýatlar;

- Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan, ýaşy 25-den geçmedik erkek raýatlar;

Dalaşgärleriň ýaş derejesi 2019-njy ýylyň 1-nji sentýabryna çenli hasaplanylýar.

Harby-deňiz institutynda ýokary hünär bilimi almak üçin okuwyň möhleti 5 (bäş) okuw ýyly, orta hünär bilimi almagyň möhleti 2 (iki) okuw ýyly diýlip kesgitlenýär.

Harby-deňiz institutynda okamaga isleg bildiren dalaşgärler ýaşaýan ýerleri boýunça harby wekillikleriniň adyna 2019-njy ýylyň 30-njy apreline çenli arza tabşyrmaly.

Arzanyň (habarnamanyň) ýanyna şu resminamalar goşulýar:

- ene-atasynyň, oglunyň harby gullukçy bolmagyna we Türkmenistanyň islendik çäginde gulluk etmekligine razylygy baradaky dil haty;

- bellenen nusgadaky sowalnama we terjimehal (harby wekillik ýa-da harby bölüm tarapyndan tassyklanan);

- raýatlyk pasportynyň nusgasy (eger-de dalaşgär raýatlyk pasportyny almadyk bolsa, Içeri işler bölüminden pasportyň resmileşdirilmändigi barada kepilnama);

- harby şahadatnamasynyň nusgasy (bar bolsa);

- dogluş hakynda şahadatnamasynyň tassyklanan nusgasy;

- iň soňky okan, işlän we gulluk eden ýerinden häsiýetnama;

- maşgala ýagdaýy barada kepilnama;

- ene-atasynyň iş ýerinden kepilnama (eger işlemeýän bolsalar, işlemeýändigi barada);

- zähmet depderçesiniň nusgasy (bar bolsa);

- Harby-deňiz institutynda okamaga ýaramlylygyna kepil geçýän lukmançylyk kartasy (ýazgyda duran ýeri boýunça deri wenerelogiki, inçekesel hassahanalaryndan hem-de neşekeşlik, arakhorlyk we ruhy keseliniň öňüni alyş merkezlerinden kepilnama);

- orta bilim barada resminama (attestatyň, diplomyň tassyklanan nusgasy);

- hünärmen saýlawynyň kartasy (harby wekillik ýa-da harby bölüm tarapyndan berilmeli);

- harby wekillikde ýa-da harby bölümde geçirilen ilkinji synaglaryň bahalandyryş sanawnamasyndan göçürme;

- beýan ýazgysy (harby wekilligiň ýa-da harby bölümiň synag toparynyň netijesi);

- özüniň we ýakyn dogan garyndaşlarynyň (16 ýaşdan ulylara) jenaýat jogapkärçiligine çekilendigi ýa-da çekilmändigi hakynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Maglumatlar merkezinden talapnama (harby wekillik tarapyndan resmileşdirilýär);

- 1 sany 9x12 ölçegde, 4 sany 4x6 ölçegde, 10 sany 3x4 ölçegde harby wekillik hem-de harby bölüm tarapyndan tassyklanan fotosurat;

- eger dalaşgäriň ejesi ýa-da kakasy aradan çykan bolsa, onda ölüm hakyndaky şahadatnamasynyň ýa-da nikasy bozulan bolsa tassyklaýjy resminamanyň tassyklanan nusgasy.

Harby-deňiz institutynda okamaga isleg bildiren dalaşgärler bilen Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda orta mekdebiň okuw maksatnamasynyň çäginde matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça giriş synaglary hem-de beden taýýarlygy (kadalary ýerine ýetirmek) boýunça giriş synaglary kabul edilýär. Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde kabul edilýär.

Dalaşgärler giriş synaglarynyň netijesi boýunça, bäsleşik esasynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň synag toparynyň çözgüdine laýyklykda Harby-deňiz institutyna okuwa kabul edilýärler.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Türkmenbaşy şäherçesiniň Asudalyk köçesiniň 10-njy jaýy. Habarlaşmak üçin telefon belgimiz: 8-00-243 7-97-34; 7-81-47; 8-00-12 40-23-28; 40-20-84.