05.07.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutyna okuwa çagyrýarys! | 2020-2021
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutyna okuwa çagyrýarys! | 2020-2021
13.02.2020 710 Harby Bilim | Okuw Ýyly

2020 – 2021-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynda okamaga isleg bildiren orta bilimli, çagyryş boýunça harby gullugy geçen, ýaşy 24-den geçmedik ýa-da Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan, ýaşy 17 – 25 aralygyndaky Türkmenistanyň raýatlaryny giriş synaglarynyň netijeleri boýunça okuwa kabul edýändigini habar berýär.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynda okamaga isleg bildiren dalaşgärlerden orta mekdebiň okuw maksatnamasynyň çäklerinde, döwlet dilinde matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy dersleri hem-de beden taýýarlygy (kadalary ýerine ýetirmek) boýunça giriş synaglary kabul edilýär.

Dalaşgärleriň resminamalary ýerli etrap we şäher harby wekilliklerinde kabul edilýär.

Kabul ediş topary.

Telefon belgilerimiz:

8-00-243 7-98-24; 7-81-47; 7-97-34.