19.09.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutyna 2020-2021-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň TERTIBI
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutyna 2020-2021-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň TERTIBI
15.01.2020 4864 Harby Bilim | Okuw Ýyly

1. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutyna Watana, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna wepaly, sagdyn pikirli, arassa ahlak sypatly, beden taýdan sagdyn, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine bildirilýän aýratyn talaplara laýyk gelýän we Harby institutda okamaga isleg bildiren, umumy orta bilimli, aşakda görkezilen ýaş derejelerine gabat gelýän Türkmenistanyň raýatlary, giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda okuwa kabul edilýär:

orta bilimli, çagyryş boýunça harby gullugy geçen, harby gulluga meýletin girmäge isleg bildiren, ýaşy 24-den geçmedik erkek raýatlar;

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan, ýaşy 25-den geçmedik erkek raýatlar;

harby gulluk ýa-da harby ýygnanyşyklar döwründe harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly aradan çykanyň ogullary (süýtdeş doganlary), harby gullukdan boşadylyp ätiýaçlykda bolan, ýaşy 24-den geçmedik erkek raýatlar;

harby gullugy ýa-da harby ýygnanyşyklary geçen döwründe özleriniň harby gullugy geçmekleri bilen baglanyşykly maýyp bolanyň ýa-da ýaralanyp, synasyna şikes ýetip, seňse bolup kesele ýolukmagy netijesinde harby gullukdan boşan (harby ýygnanyşyklar tamamlanan) gününden soň bir ýylyň dowamynda aradan çykanyň ogullary (süýtdeş doganlary), harby gullukdan boşadylyp ätiýaçlykda bolan, ýaşy 24-den geçmedik erkek raýatlar;

orta bilimli, harby gulluga meýletin girmäge isleg bildiren, ýaşy 21-den geçmedik zenan raýatlar;

borçnama boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylar, ýaşy 24-den geçmedik erkek raýatlar.

Dalaşgärleriň ýaş derejesi 2020-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli hasaplanylýar.

2. Harby institut Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri üçin ýokary hünär bilimli serkerdeleri Türkmenistanyň Goranmak ministrligi tarapyndan hünärmenleri taýýarlamaga bildirilen isleglere laýyklykda taýýarlaýar.

Harby institutda okuwyň möhleti 5 okuw ýyly.

3. Harby institutda okamaga isleg bildiren dalaşgärler ýaşaýan ýerleri boýunça etrap, etrap hukukly şäher harby wekilleriniň adyna, 2020-nji ýylyň ýaz möwsüminde çagyryş boýunça harby gullugyny tamamlaýan çagyryş boýunça harby gullukçylar harby bölümiň serkerdesiniň adyna 2020-nji ýylyň 30-njy apreline çenli arza tabşyrmaly.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň hatarynda harby gullugy geçýän harby gullukçylar özleriniň gönüden-göni serkerdelerine habarnama ýazýarlar.

Dalaşgärleriň arzasynyň (habarnamasynyň) ýanyna şu resminamalar goşulýar:

ene-atasynyň, oglunyň harby gullukçy bolmagyna we Türkmenistanyň islendik çäginde gulluk etmegine razylygy baradaky dil haty;

bellenen nusgadaky sowalnama we terjimehal (harby wekillik ýa-da harby bölüm tarapyndan tassyklanan);

raýatlyk pasportynyň nusgasy (eger-de dalaşgär raýatlyk pasportyny almadyk bolsa, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň degişli bölüminden pasportyň resmileşdirilmändigi barada kepilnama);

harby şahadatnamasynyň nusgasy (bar bolsa);

dogluş hakynda şahadatnamasynyň tassyklanan nusgasy;

Harby institutda okamaga ýaramlylygyna kepil geçýän lukmançylyk kartasy (ýazgyda duran ýeri boýunça deri wenerologiki, inçekesel hassahanalaryndan hem-de neşekeşlik, arakhorlyk we ruhy keseliniň öňüni alyş merkezlerinden kepilnama);

iň soňky okan, işlän we gulluk eden ýerinden häsiýetnama;

maşgala ýagdaýy barada kepilnama;

ene-atasynyň iş ýerinden kepilnama (eger işlemeýän bolsalar, işlemeýändigi barada);

zähmet depderçesiniň nusgasy (bar bolsa);

bilim hakyndaky resminama (şahadatnamanyň, diplomyň tassyklanan nusgasy, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdebini tamamlan dalaşgärleriniň bilim hakyndaky resminamalarynyň asyl nusgasy);

hünärmen saýlawynyň kartasy (harby wekillik ýa-da harby bölüm tarapyndan berilmeli);

harby wekillikde ýa-da harby bölümde geçirilen ilkinji synaglaryň bahalandyryş sanawnamasyndan göçürme;

beýan ýazgysy (harby wekilligiň ýa-da harby bölümiň synag toparynyň netijesi);

özüniň we ýakyn garyndaşlarynyň (16 ýaşdan ululara) jenaýat jogapkärçiligine çekilendigi ýa-da çekilmändigi hakynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Maglumatlar merkezinden talapnama;

1 sany 9х12 ölçegde, 4 sany 4х6 ölçegde, 10 sany 3х4 ölçegde harby wekillik hem-de harby bölüm tarapyndan tassyklanan fotosurat;

eger dalaşgäriň ejesi ýa-da kakasy aradan çykan bolsa, onda ölüm hakyndaky şahadatnamasynyň ýa-da nikasy bozulan bolsa tassyklaýjy resminamanyň tassyklanan nusgasy.

4. Dalaşgärler bilen Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça giriş synaglary hem-de beden taýýarlygy (kadalary ýerine ýetirmek) boýunça goşmaça şertler kabul edilýär. Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde kabul edilýär.

5. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan raýatlaryň giriş synaglarynda gazanan umumy bahalary (ballary) beýleki dalaşgärleriň umumy bahalary (ballary) bilen deň gelen ýagdaýynda olar bir baha (bal) ýeňillikden peýdalanýarlar.

6. Dalaşgärler giriş synaglarynyň netijesi boýunça, bäsleşik esasynda Harby instituta okuwa kabul edilýärler.

7. Giriş synagyny tabşyryp, Harby instituta okuwa kabul edilenler umumyýaşaýyş jaýy (ýatakhana), harby eginbaşlary we okuw serişdeleri bilen üpjün edilýärler. Olara günde üç wagtyna nahar berilýär hem-de Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde we möçberde talyp haklary tölenýär.

Kabul ediş topary.