Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy üçin ýokary
harby bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Serhet
institutyna okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärleriň resminamalarynyň kabul
edilip başlandygyny habar berýäris.
1. Türkmenistanyň Serhet institutyna 2020/2021-nji
okuw ýylynda Watana, halka, harby kasama wepaly, sagdyn pikirli, arassa ahlak
sypatly, beden taýdan sagdyn, umumy orta bilimli Türkmenistanyň raýatlarynyň
arasyndan dalaşgärlige saýlap-seçip alynýar.
Okuwa öwrenilýän dalaşgärleriň ýaş derejeleri şu
aşakda görkezilen tertibe laýyklykda kesgitlenilýär:
— orta bilimli, çagyryş boýunça harby gullugy
geçen raýatlaryň 24 ýaşy dolýança;
— Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň
Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan raýatlar çagyryş boýunça harby
gullugy geçmezden 25 ýaşy dolýança;
— borçnama boýunça harby gullugy geçýän harby
gullukçylar 25 ýaşy dolýança. Dalaşgärleriň ýaş derejeleri 2020-nji ýylyň 1-nji
sentýabryna çenli hasaplanylýar.
2. Türkmenistanyň Serhet instituty 2020/2021-nji
okuw ýylynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna hünärmenleri taýýarlamak
üçin şu aşakdaky hünär boýunça okuwa kabul edýär:
— serhet gorag bölünmeleriniň dolandyrylyşy-hukuk
öwreniş, hukukçy.
3. Türkmenistanyň Serhet institutynda okuwyň
möhleti 5 ýyl. Okuw döwründe institutyň talyplary doly döwlet üpjünçiliginde
bolup, olar iýmit, harby eginbaş, talyp haklary we umumyýaşaýyş jaýy
(ýatakhana) bilen üpjün edilýär.
Serhet institutyna dalaşgärleri seçip almak we
resminamalaryny kabul etmek işleri 2020-nji ýylyň 19-njy martyna çenli
geçirilýär.
4. Instituta dalaşgärler şu aşakda görkezilen
resminamalary doly we anyk taýýarlamaly:
— dalaşgäriň Serhet institutynyň rektorynyň adyna
ýazan arzasy. Arzada dalaşgäriň familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan senesi we
ýeri, bilimi, okan (okaýan) ýeri, gulluk edýän, işleýän ýeri we wezipesi, harby
ady, hemişelik ýaşaýan ýeriniň salgysy, okuwa kabul edilmegi barada haýyşy,
ýurduň islendik künjeginde janyny aýaman Watana, halka, harby kasama, Türkmenistanyň
Prezidentine wepaly gulluk etjekdigi barada görkezilmeli;
— şahsy maglumaty we terjimehaly;
— ýaşaýan ýeri we maşgala agzalary barada
güwänama;
— ata-enesiniň işleýän ýerinden berlen güwänama
(eger-de işlemeýän bolsalar, işlemeýändigi barada güwänama);
— eger dalaşgäriň kakasy ýa-da ejesi aradan çykan
bolsa, onda bu baradaky şahadatnamasynyň ýa-da nikasyny bozan bolsalar RÝNÝ
bölümi tarapyndan berlen resminamanyň nusgasy;
— dalaşgäriň soňky okan, işlän ýa-da gulluk eden
ýerinden häsiýetnama;
— Serhet institutynda okamaga ýaramlydygy barada
saglyk güwänamasy;
— pasportynyň göçürmesi ( eger-de dalaşgär
raýatlyk pasportyny almadyk bolsa, Içeri işler edaralarynyň degişli bölüminden
pasportyň resmileşdirilmändigi barada güwänama);
— harby şahadatnamasynyň göçürmesi;
— eger işleýän bolsa edaranyň işgärler bölümi
tarapyndan gol we möhür bilen tassyklanan zähmet depderçesiniň göçürmesi;
— umumy orta, başlangyç ýa-da orta hünär bilim
barada resminamanyň asyl nusgasy;
— 1 sany 9x12 ölçegde, 9 sany 3x4 ölçegde
başgapsyz düşülen fotosuratlary. Çagyryş ýa-da borçnama boýunça harby gullugy
geçýän dalaşgärler fotosurata harby lybasda düşmeli.
Dalaşgärler talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç
hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip bilerler.
Dalaşgärler nädogry beren maglumatlary we resmi iş
kagyzlary üçin şahsy jogapkärçilik çekýär.
Raýat dalaşgärler giriş synaglaryny tabşyrmaga
gelenlerinde öz ýanlary bilen milli pasportyny, çagyryş we borçnama boýunça
harby gullukçylar harby şahadatnamasyny getirmeli.
5. Serhet institutyna okuwa isleg bildirýän
dalaşgärler bilen orta mekdebiň okuw maksatnamasynyň çäginde Türkmenistanyň
taryhy, türkmen dili we edebiýaty, matematika we beden taýýarlygy (kadalary
ýerine ýetirmek) boýunça giriş synaglary 2020-nji ýylyň iýul we awgust
aýlarynda geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde kabul
edilýär.
6. Serhet institutyna okuwa isleg bildirenler
resminamalaryny tabşyrmak üçin ýaşaýan ýerlerine golaý Türkmenistanyň Döwlet
serhet gullugyna degişli bolan harby bölümlere ýüz tutmaly.
7. Dalaşgärler Serhet institutyna giriş
synaglarynyň netijesi boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Türkmenistanyň
Serhet institutynyň salgysy:
Aşgabat ş., Saparmyrat
Türkmenbaşy şaýolunyň
175-nji jaýy,
tel.: 40-49-60, 40-49-61,
40-49-26.