milli goshun logo
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň I maslahaty geçirildi
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň I maslahaty geçirildi
15.11.2018 1823 Habarlar

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Demokratik partiýanyň I maslahaty geçirildi. Onda Halk Maslahatynyň birinji mejlisiniň çözgütleri babatda ileri tutulýan wezipelere garaldy, şeýle hem Türkmen döwletiniň täze taryhynyň häzirki tapgyrynyň talaplaryny nazara almak bilen guramanyň mundan beýläkki işiniň umumy strategiýasy kesgitlenildi.

Maslahata gatnaşyjylaryň hatarynda TDP-niň Syýasy geňeşiniň agzalary, welaýat, şäher, etrap komitetleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem derňew komitetiniň wekilleri bar.

Çykyş edenler ýurdumyzda demokratik ýörelgeleriň ösdürilmegine, raýat jemgyýetiniň institutlarynyň we döwletimiziň hukuk binýadynyň berkidilmegine, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işiniň kämilleşdirilmegine berýän ägirt uly ünsi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar hem-de TDP-niň dürli ugurlarda işi işjeňleşdirip, öňde goýlan möhüm wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen öz işini täzeden gurajakdygyna ynandyrdylar.

Demokratik partiýa beýleki iri jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde milli Liderimiziň halkara başlangyçlaryny, giň döwletara hyzmatdaşlyk syýasatyny düşündirmekde jemgyýetçilik-syýasy çärelerini alyp baryp, Watanymyzda ýaýbaňlanan ägirt uly özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam berýär hem-de ýaş nesli mynasyp terbiýelemek, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek, ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer taýdan ösdürmek işine saldamly goşant goşýar.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy häzirki wagtda öz partiýa hatarlarynyň kämildigini, öz öňünde durýan döwlet we jemgyýetçilik-syýasy häsiýetli möhüm wezipelere anyk aň ýetirilýändigini görkezýär.

Gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça çykyş eden guramanyň işjeňleriniň belleýişleri ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan adamlaryň ýokary durmuşyny üpjün edýän hem-de kanunlaryň, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň mizemez berjaý edilişini kepillendirýän döwlete öwrüldi. Bu döwletde adamlaryň abadançylygy baradaky alada durmuş maksatly syýasatyň ileri tutulýan ugrudyr.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň demokratik sütünlerini berkitmek işinde möhüm ädimler ädildi, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda halkyň ählumumy goldawyna eýe bolan giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmagyň ýolunda düýpli üstünlikler gazanyldy.

Milli Liderimiziň ýurdumyzyň köp taraply mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge gönükdirilen ýadawsyz işi netijesinde halkara giňişliginde Watanymyzyň abraýy düýpli artdy. Döwlet Baştutanymyzyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen ösüşlere beslenen başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylmagy, şeýle hem Türkmenistanyň döwletara derejelerinde hem-de iri halkara guramalarynyň we abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde hyzmatdaşlygy düýpli işjeňleşdirmegi oňyn syýasy ugruň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.

Wekiller hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda öz esasy ýörelgesiniň aýdyň beýanyny tapan durmuş-ykdysady özgertmeler syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde soňky ýyllarda ýurdumyzyň rowaçlygyň we gülläp ösüşiň ýolundan ynamly öňe barýandygyny bellediler.

Maslahata gatnaşyjylar ýaşlary watançylyk we ruhy-ahlak aýdan terbiýelemek boýunça mundan beýläk-de iş alyp barmagyň, türkmenistanlylaryň täze neslini ýurdumyzda ýaýbaňlanan özgertmeler işlerine giňden çekmegiň uly ornunyň bardygyny bellediler.

Demokratik partiýanyň maslahatynyň barşynda onuň işjeňleri sylaglanyldy, şeýle hem TDP-niň täze agzalaryna partiýa şahadatnamalary gowşuryldy.