Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler
Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Beýik Watançylyk
urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli geçiriljek dabaraly çäreleriň
maksatnamasyna garady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Mämmedow watandaşlarymyzyň gahrymançylykly edermenligini hormatlamak maksady
bilen geçiriljek giň gerimli medeni-jemgyýetçilik çärelerine taýýarlyk işleri
barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde taryhy ýadygärligi
saklamaga hem-de parahatçylyk we ynsanperwerlik gymmatlyklaryny wagyz etmäge
gönükdirilen çäreler meýilleşdirilýär.
Baýramçylyk maksatnamasy döwlet Baştutanymyzyň
parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlaryna hem-de ýaşlary watançylyk ruhunda
terbiýelemäge bagyşlanan ylmy-amaly maslahatlary, uruş ýyllarynyň
gahrymançylykly sahypalaryny açyp görkezýän duşuşyklary we söhbetdeşlikleri,
aýdym-sazly dabaralary, sungat sergilerini, paýtagtymyzda ýerleşýän «Halk
hakydasy» ýadygärlikler toplumyna hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndaky
ýadygärliklerine gül goýmak dabaralaryny öz içine alar.
Mejlisiň dowamynda ýaşuly nesliň sosial goldawyna
aýratyn üns berildi. Hasabaty jemläp, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow dünýäde deňi-taýy bolmadyk mertligi görkezen uruş we zähmet
weteranlary baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň
biridigini nygtady.
Hasabatyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýere uruş weteranlaryna we tylda zähmet çeken enelere baýramçylyk sowgatlaryny gowşurmak dabaralaryny guramak boýunça anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz bu işleriň iň ýokary derejede ýerine ýetirilmelidigini tabşyrdy.